Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Wagyz üçin teklipler

Wagyz üçin teklipler

«HOŞ HABAR»

Sorag: Siziň pikiriňizçe, Hudaýyň adamlara beren iň gowy sowgady näme?

Aýat: Ýah 3:16

Edebiýat: Şu broşýuranyň 4-nji sapagynda Hudaýyň Isa pygamberi ýere iberendiginiň we Isanyň biz üçin janyny gurban berendiginiň sebäbi düşündirilýär. Şeýle-de bu sowgada biziň nädip minnetdar bolup bilýändigimiz aýdylýar.

«HUDAÝYŇ PATYŞALYGY NÄME?» (T-36)

Sorag: (Kitapçanyň birinji sahypasyny görkeziň). Hudaýyň Patyşalygy näme? Siziň pikiriňizçe, ol gökdäki ýaşaýyşmy, gökdäki hökümetmi ýa-da başga zat?

Aýat: Dn 2:44; Iş 9:6

Edebiýat: Şu kitapçada Hudaýyň Patyşalygynyň size nähili peýdasynyň bardygy düşündirilýär.

ÝATLAMA AGŞAMYNA ÇAGYRÝARYS!

Edebiýat: Biz adamlary wajyp baýramçylyga çagyrýarys (Çakylygy beriň). Aprel aýynyň 11-ne bütin dünýädäki millionlarça adamlar Isa pygamberiň ölümini ýatlamak we onuň ölüminiň bize nähili peýdasynyň bardygy baradaky nutugy mugtuna diňlemek üçin ýygnanyşarlar. Bu çakylykda ýaşaýan ýeriňizde geçiriljek duşuşygyň ýeri we wagty görkezilen. Sizem bu baýramçylyga gatnaşarsyňyz diýip umyt edýäris.

(Bellik: Siz bu çakylygy ýerli ýagdaýa görä ulanyp bilersiňiz).

ÖZ TEKLIBIŇIZI ÝAZYŇ

Ýokardaky teklipleriň esasynda öz teklibiňizi düzüň.