GARAWUL DIŇI (ÝYGNAK ÜÇIN) Sentýabr 2014

Žurnalyň şu sanynda 2014-nji ýylyň 27-nji oktýabryndan 30-njy noýabr aralygynda öwreniljek makalalar bar.

Sen «oňat iş» üçin «jan çekýärmiň»?

Sen munuň üçin nämeleri etseň gowy bolar?

Siz hakykaty tapandygyňyza näme üçin ynanýarsyňyz?

Şu makalada köp adamlaryň Ýehowanyň Şaýatlarynda hakykatyň bardygyna näme üçin ynanýandygynyň birnäçe sebäpleri düşündirilýär. Şeýle-de Ýehowanyň Şaýatlarynyň hakykaty tapandygyna özleriniň näme üçin ynanýandygyna seredilýär.

«Köp muşakgatlara» garamazdan, Hudaýa wepaly gulluk ediň

Adamlaryň ählisi Şeýtanyň dünýäsinde ýaşaýandygy üçin muşakgat çekýär. Şeýtan nähili hüjümleri ulanýar? Biz olara nädip taýýarlanyp bileris?

Ata-eneler, çagalaryňyza çopançylyk ediň

Ata-eneleriň çagalaryny «Rebbiň terbiýe hem öwüdi bilen ulaltmak» jogapkärçiligi bar (Efesliler 6:4). Bu makalada ata-eneleriň haýsy üç usul bilen çagalaryna çopançylyk edip, Ýehowany söýmäge kömek edip bilýändigine serederis.

Okyjylaryň sowallary

Mukaddes Ýazgylarda Zebur 37:25-däki we Matta 6:33-däki sözler Ýehowanyň öz gullukçysynyň açlyk çekmegine hiç haçan ýol bermejekdigini aňladýarmy?

Soňky duşman ölüm ýok ediler

Ölüm we oňa eltýän zatlaryň ählisi gaýgy-hasrat çekdirýär. Adamlar näme üçin ölýär? Soňky duşman ölüm nädip ýok ediler? (1 Korintoslylar 15:26). Biz bu soraglaryň jogabyna seredip, Ýehowanyň adalatlylygy, akyldarlygy, esasanam, söýgüsi barada köpräk bileris.

Doly wagt gulluk edýän dogan-uýalary goldalyň

Ýehowanyň gullukçylarynyň köpüsi doly wagt gulluk edip, agyr zähmet çekýär. Biz olaryň «imanynyň hasyly bolan işini, söýgüden emele gelen zähmetini» unutmaz ýaly näme edip bileris? 1 Selanikliler 1:3.