Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

ARHIWIMIZDEN

Jemagat nutuklary hoş habaryň Irlandiýa ýaýramagyna kömek etdi

Jemagat nutuklary hoş habaryň Irlandiýa ýaýramagyna kömek etdi

DEŇZIŇ içi bilen ýüzüp barýan gämi Belfast Lough aýlagyna ýetende, gämidäki ýolagçylaryň säher çagynyň ýagtysyna öwşün atýan we ýaşyl dona bürenen baýyrlyga gözi düşýär. Bu waka 1910-njy ýylyň maý aýynda bolupdy. Çarlz T. Rassel atly bir ýolagçynyň Irlandiýa bäşinji syýahatydy. Ol iki sany ägirt uly gurlup duran «Titanik» we «Olimpik» * diýen gämileri görýär. Mukaddes Ýazgylary öwrenýänler bolsa gämi gurulýan ýeriň ýanynda oňa garaşyp durdular.

Bu wakadan takmynan 20 ýyl öň Rassel dogan hoş habaryň diňe bir ABŞ-da däl, eýsem, bütin dünýäde ýaýramagynyň gowy usullaryny gözleýärdi. Ol Irlandiýa ilkinji sapar 1891-nji ýylyň iýul aýynda barypdy. Rassel dogan Çikago şäherinde gämä münýär. Ol gämide barýarka Kuinstaunyň (häzirki Kow şäheri) kenarýakalaryna golaýlanda, Günüň ýaşyşyny synlaýardy. Mümkin, ol şonda ene-atasynyň dogduk mekany barada beren gürrüňlerini ýadyna salandyr. Rassel dogan we onuň ýoldaşlary arassa şäherleriň hem owadan obalaryň içi bilen syýahat edip, bu ýerde «ekin meýdanlarynyň hasyl ýygymyna ýetişendiklerine» düşünýärdiler.

Rassel dogan Irlandiýa jemi ýedi gezek syýahat edýär. Onuň ilkinji sapary ýüzlerçe, soňky saparlarynda bolsa käte müňlerçe adamlarda gyzyklanma döreden bolmaly. 1903-nji ýylyň maýynda Rassel dogan Irlandiýa ikinji sapar baranda, Belfast we Dublindäki ýerli gazetlerde köpçülikleýin duşuşyklaryň boljakdygy bildiriş edilýär. Rassel dogan Ybraýym pygamberiň imany we adamzadyň gelejekde aljak bereketleri baradaky nutugy «diňleýjileriň gaty ünsli diňländiklerini» aýdýar.

Irlandiýada köp adamlaryň gyzyklanandygy üçin Rassel dogan Ýewropa üçünji gezek syýahat edende, ol ýere barmagy ýüregine düwýär. Ol 1908-nji ýylyň aprel aýynyň bir güni irden Belfast gämi duralgasyna aýagyny sekenden, ony bäş dogan höwes bilen garşy alýar. Rassel dogan «Şeýtanyň şalygy ýok ediler» diýen nutuk bilen çykyş etjekdigini aýdýar. Şol güni agşam nutugy diňlemäge takmynan 300 sany abraýly adam gelýär. Olaryň arasynda hakykata garşy çykýan bir adam Ýazgylardaky aýatlary çalt açmagy öwrenýär. Dublinde bolsa has güýçli duşman, ýagny YMCA (Hristian Ýaşlarynyň Jemgyýeti) guramasynyň orunbasary O’Konnor diýen adam Mukaddes Ýazgylary öwrenýänlere garşy çykjak bolup, 1000-den gowrak adamy ýygnaýar. Şonda näme boldy?

Geliň, şol wagt bolan wakalary göz öňüne getireliň. Mukaddes Ýazgylardaky hakykat bilen gyzyklanan bir adam «Aýriş taýms» atly gazetinde bildiriş edilen jemagat nutugyna gatnaşmagy ýüregine düwýär. Ol içinde adamlaryň köplüginden ýaňa aýak basara ýer bolmadyk zalda özüne zordan ýer tapýar. Ol bar ünsüni sahnada çykyş edip duran ak saçly, sakgally we uzyn gara penjekli adama gönükdirýär. Nutukçy söze başlanda, çykyş edýän ýerinden ellerini hereketlendirip, diňleýjileriň Ýazgylardaky hakykatlary bilmekleri üçin aýatlary bir-birden düşündirip başlaýar. Hatda sesi güýçlendirýän enjam bolmasa-da, nutukçynyň sesi zalda oturanlaryň hemmesine eşidilýärdi we bir ýarym sagatlap olaryň ünsüni özüne çekdi. Soňra sorag-jogap bölüminde ol O’Konnor we onuň ýoldaşlary bilen gürrüňdeş bolup, Ýazgylar arkaly aýdýan habaryny ökdelik bilen goramagy başarýar. Şonda diňleýjiler el çarpyşdylar. Goh-galmagal ýatyşanda, ýaňky gyzyklanýan adam doganlaryň ýanyna baryp, köpräk bilmek isleýändigini aýdýar. Şol wakalary gözi bilen gören adamlaryň aýtmagyna görä, köp adamlar hakykaty şeýle usul bilen bildiler.

Rassel dogan dördünji syýahatyny başlamak üçin 1909-njy ýylyň maý aýynda Mawritaniýa diýen gämi duralgasyndan ýola düşýär. Ol ummanda syýahat eden döwri «Garawul diňiniň» makalalaryny ýazdyrmak üçin Hantsinger atly stenografist (biriniň nutugyny jikme-jik ýazýan adam) dogany ýany bilen alýar. Rasseliň Belfastda aýdan nutugy 450 adamyň ünsüni özüne çekýär. Olaryň takmynan 100 sanysy ýer bolmandygy üçin dik durup diňleýär.

Ç. T. Rassel dogan «Lusitaniýa» gämisinde

Ýokarda aýdyşymyz ýaly, Rassel doganyň bäşinji syýahatynda hem şeýle bolýar. Ol Dublinde jemagat nutugy bilen çykyş edensoň, O’Konnoryň ýanynda gelen bir tanymal we dindar adam soraglaryna Ýazgylar arkaly jogap alýar. Şeýle zatlary eşidendiklerine gelenleriň köpüsi begendi. Ertesi gün syýahatçylar hat-petek gatnadýan, çalt gidýän gaýykda Liwerpula gitdiler. Soňra Nýu-Ýorka gitmek üçin ady belli «Lusitaniýa *» gämisine münýärler.

«Aýriş taýms» gazetinde jemagat nutugynyň boljakdygy baradaky bildiriş, 1910-njy ýylyň 20-nji maýy

Rassel dogan 1911-nji ýylda altynjy we ýedinji gezek syýahat edende-de, birnäçe jemagat nutugy bilen çykyş edýär. Ýaz aýynda belfastly 20 sany Mukaddes Ýazgylary öwrenýänler «Ol dünýä» diýen nutugy diňlemek üçin gelen 2 000 adamy mähir bilen garşylaýarlar. Rassel dogan Dublinde çykyş edende bolsa, O’Konnoryň ýany bilen gelen bir minister oňa ençeme soraglary berýär. Mukaddes Ýazgylardan berlen jogaplary eşiden diňleýjiler el çarpyşýarlar. Şol ýylyň güýzünde ol birnäçe şäherlerde çykyş edende, nutugyny höwes bilen diňleýärler. Dublinde O’Konnor ýene-de duşuşyga päsgel berjek bolup, ýany bilen 100 sany gozgalaňçylary getirýär. Emma yhlasly diňleýjiler nutukçyny goldaýarlar.

Şol döwürde jemagat nutuklary bilen, esasan, Rassel dogan çykyş etse-de, ol «biriniň edenini, beýlekileriň hem başaryp biljekdigine» düşünýärdi. Sebäbi «bu adamyň däl-de, Hudaýyň işi». Jemagat nutuklary Ýazgylardaky hakykatyň ýaýramagyna ajaýyp mümkinçilik döretdi. Olar hoş habaryň ýaýramagyna we Irlandiýanyň ençeme şäherlerinde ýygnaklaryň döremegine kömek etdi (Britaniýadaky arhiwimizden).

^ abzas 3 Iki ýyldan soň «Titanik» gämisi heläkçilige uçraýar.

^ abzas 9 1915-nji ýylyň maýynda «Lusitaniýa» gämisini Irlandiýanyň günorta kenarýakasynda bombalaýarlar.