Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Nuhuň, Danyýeliň we Eýýubyň imanyndan hem-de Hudaýa gulak asyşyndan görelde alyň

Nuhuň, Danyýeliň we Eýýubyň imanyndan hem-de Hudaýa gulak asyşyndan görelde alyň

«Nuh, Danyýel we Eýýup... dogruçyllyklary bilen diňe öz janlaryny halas edip bilerler». EZEK. 14:14

AÝDYMLAR: 6, 54

1, 2. a) Nuh, Danyýel we Eýýup pygamberiň galdyran göreldesi bize näme üçin batyrgaý bolmaga kömek eder? b) Ezekiýel pygamber makalanyň baş aýadyndaky sözleri nähili döwürde ýazypdy?

SIZ keselçilik, pul ýetmezçiligi, yzarlamalar sebäpli kynçylyklara uçraýarsyňyzmy? Käte Ýehowa şatlyk bilen gulluk etmek kyn bolýarmy? Eger şeýle bolsa, onda Nuh, Danyýel we Eýýup pygamberiň galdyran göreldesi size batyrgaý bolmaga kömek eder. Olar hem bikämildi we biziňki ýaly kynçylyklary başdan geçiripdi. Emma synaglarda, hatda janyna howp abansa-da, olar aýypsyzlygyny saklap, Hudaýa iman etmekde we gulak asmakda gowy görelde galdyrdylar (Ezekiýel 14:12—14-nji aýatlary okaň) *.

2 Ezekiýel pygamber makalanyň baş aýadyndaky sözleri b. e. öň 612-nji ýylda Wawilondaka ýazýar * (Ezek. 1:1; 8:1). Pygamberlikde  aýdylyşy ýaly, Iýerusalimiň Ýehowadan dänen ýaşaýjylary bäş ýyldan, ýagny b. e. öň 607-nji ýylda ýok edilmelidi. Şonda diňe Nuh, Danyýel, Eýýup ýaly Hudaýa wepaly az adamlar diri galmalydy (Ezek. 9:1—5). Olaryň arasynda Ýermeýa, Baruk, Ebetmelek we rekabiler hem bardy.

3. Şu makalada nämä serederis?

3 Dünýäniň ahyry gelende, Nuh, Danyýel we Eýýup pygamber ýaly diňe Ýehowanyň nazarynda aýypsyzlygyny saklaýan adamlar halas bolar (Ylh. 7:9, 14). Geliň, Ýehowanyň olary näme üçin dogry adam hasaplandygyny bileliň. Olaryň her biri barada gürrüň edenimizde, 1) nähili kynçylyga uçrandyklaryna we 2) olaryň imanyndan hem-de Hudaýa gulak asyşyndan nädip görelde alyp biljekdigimize üns bereliň.

NUH 900 ÝYLLAP HUDAÝA GULAK ASDY WE WEPALY GALDY

4, 5. Nuh pygamber nähili kynçylyklara uçrady we onuň çydamlylygy näme üçin öwgä mynasyp?

4 Nuh pygamberiň uçran kynçylyklary. Nuhuň garry atasy Hanogyň döwründe adamlar Hudaýdan gaty daşlaşypdylar. Olar hatda Ýehowa «dil ýetirýärdiler» (Ýahd. 14, 15). Zorluk möwç urýardy, şol sebäpli Nuhuň döwründe «ýer ýüzüniň azgynçylykdan we zulumdan dolandygy» geň galdyrmasa gerek. Zalym perişdeler ynsan keşbine girip, özlerine aýal alanda, olardan nefiller, ýagny äpet adamlar döräpdi (Gel. çyk. 6:2—4, 11, 12). Emma Nuh pygamber olardan düýpgöter tapawutlanýardy. Ýazgylarda: «Nuh Rebbiň nazarynda merhemet tapdy... Nuh öz döwürdeşleriniň arasynda dogruçyl hem takwa adamdy. Ol Hudaýyň huzurynda gezdi» diýilýär (Gel. çyk. 6:8, 9).

5 Aýatda bu dogry adam hakda näme diýilýändigine üns beriň. Birinjiden, Nuh zalym adamlaryň arasynda ýaşanda, Hudaýyň huzurynda biziňki ýaly bary-ýogy 70-80 ýyl gezmedi. Ol şol erbetlikden doly dünýäde 600-den gowrak ýyl ýaşady (Gel. çyk. 7:11). Onuň ýaşan döwründe biziňki ýaly ruhy taýdan goldajak imandaşlary ýokdy. Hatda dogan-garyndaşlary hem ony goldamadyk bolmaly *.

6. Nuh pygamber batyrgaýlygyny nädip görkezdi?

6 Nuh pygamber ýöne bir dogry ýaşamak bilen çäklenmän, «dogrulygy wagyz edip», Ýehowa bolan imanyny iş ýüzünde görkezdi (2 Pet. 2:5). Pawlus resul Nuh pygamber hakda: «Ol imany arkaly dünýäni höküm etdi» diýip ýazdy (Ýew. 11:7). Şol sebäpli Nuhuň adamlaryň ýaňsylamalaryna we garşylyklaryna uçrandygy geň galdyrmaýar; hatda onuň janyna-da howp abanan bolmaly. Muňa garamazdan, ol «adamdan gorkynyň duzagyna» düşmedi (Sül. tym. 29:25). Onda Ýehowanyň wepaly gullukçylaryna berýän batyrgaýlygy bardy.

7. Nuh pygambere gämi gurmak näme üçin aňsat däldi?

7 Nuh pygamber 500 ýyldan gowrak Hudaýyň huzurynda gezensoň, Ýehowa oňa adamlaryň we haýwanlaryň halas bolmagy üçin gämi gurmagy tabşyrýar (Gel. çyk. 5:32; 6:14). Bu ýumuş onuň üçin, gör, nähili kyn bolup görnendir. Sebäbi ol öň şeýle uly gämini gurmandy. Üstesine-de, Nuh pygamber adamlaryň ony ýaňsylap, güýçli garşylyk görkezjekdigini bilýärdi. Emma ol şonda-da Hudaýa gulak asyp, imanyny iş ýüzünde görkezdi. Hawa, «Nuh Hudaýyň buýran zatlarynyň hemmesini ýerine ýetirdi» (Gel. çyk. 6:22).

8. Nuh pygamber Ekleýjisi Ýehowa nädip bil baglady?

8 Nuh pygambere aýalyny we çagalaryny maddy taýdan üpjün etmek hem aňsat däldi. Sebäbi Tupandan öň adamlar we şol sanda Nuham ýerden hasyl almak üçin agyr zähmet çekmelidiler (Gel. çyk. 5:28, 29). Emma ol şonda-da durmuşynda maddy zatlary däl-de, Hudaýy birinji orunda goýdy. Nuh gämi guran 40-50 ýyllaryny ünsüni ruhy zatlara gönükdirip ýaşady. Ol Tupandan  soň ýaşan 350 ýylynda hem dogry ýoldan ýüz öwürmedi (Gel. çyk. 9:28). Nuh Hudaýa iman etmek we gulak asmak babatda ajaýyp görelde galdyrdy!

9, 10. a) Biz Nuhuň imanyndan we Hudaýa gulak asyşyndan nädip görelde alyp bileris? b) Hudaý kada-kanunlaryna eýerýän gullukçylaryna nähili garaýar?

9 Biz Nuh pygamberiň imanyndan we Hudaýa gulak asyşyndan nädip görelde alyp bileris? Munuň üçin Hudaýyň dogry kadalary boýunça ýaşamaly, özümizi Şeýtanyň dünýäsinden çetde tutmaly we Patyşalygyň bähbitlerini birinji orunda goýmaly (Mat. 6:33; Ýah. 15:19). Elbetde, biz şeýle durmuş alyp barmak bilen, dünýädäki adamlaryň razylygyny gazanmaýarys. Gaýtam, Hudaýyň nika we ahlak kadalaryna berk eýerip ýaşaýandygymyz üçin, käbir ýurtlarda köpçülikleýin garşylyklara uçraýarys (Malaky 3:17, 18-nji aýatlary okaň) *. Emma Nuh pygamber ýaly biz adamdan däl-de, Ýehowadan gorkýarys. Sebäbi diňe onuň ebedi ýaşaýşy berip bilýändigini bilýäris (Luka 12:4, 5).   

10 Eýsem, siz barada näme diýse bolar? Adamlaryň ýaňsylamalary, garşylyklary ýa-da ykdysady kynçylyklar sebäpli Ýehowa bolan imanyňyz synalanda, «Hudaýyň huzurynda gezmegiňizi» dowam edersiňizmi? Eger siz Nuhuň imanyndan we Hudaýa gulak asyşyndan görelde alsaňyz, Ýehowanyň aladaňyzy etjekdigine ynamly bolup bilersiňiz (Flp. 4:6, 7).

DANYÝEL ZALYM ŞÄHERDE HUDAÝA GULAK ASYP, WEPALY GALDY

11. Danyýel we onuň üç dosty Wawilondaka nähili synaglara uçrady? (Makalanyň başyndaky surata serediň).

11 Danyýel pygamberiň uçran kynçylyklary. Danyýel butparazlykdan we jadygöýlikden doly Wawilon şäherinde ýaşaýardy. Wawilonlylar ysraýyllylaryň we olaryň Hudaýy Ýehowanyň üstünden gülüp kemsidýärdiler (Zeb. 137:1, 3). Bu zatlar Danyýel ýaly Hudaýyň wepaly gullukçylaryna, gör, nähili erbet täsir edendir! Şeýle-de Danyýele we onuň üç dosty Hananýa, Mişaýyla hem-de Azarýa hemmeler syn edýärdi. Sebäbi olar patyşanyň köşgünde gulluk etmegi öwrenmelidiler. Hatda olaryň näme iýmelidigi hem kesgitlenipdi. Emma biraz wagtdan iýmit hem-de şerap olar üçin synag boldy, sebäbi «Danyýel özüni haram etmezligi ýüregine düwüpdi» (Dan. 1:5—8, 14—17).   

12. a) Danyýel pygamberiň nähili ajaýyp häsiýetleri bardy? b) Ýehowa Danyýele nähili garaýardy?

12 Danyýeliň üýtgeşik ukyplary bolandygy üçin, oňa hormatly iş ynanylypdy. Bu onuň imany üçin synag bolup bilerdi (Dan. 1:19, 20). Emma ol özüne göwni ýetip, tekepbirlige ýüz urmady. Gaýtam, kiçigöwünli we pespäl bolup, Ýehowanyň bildiren hormaty üçin hemişe oňa minnetdarlyk bildirýärdi (Dan. 2:30). Ýehowa dogruçyllygyň göreldesi hökmünde Nuh we Eýýup pygamberiň arasynda Danyýeli agzanda, ol heniz ýaşdy. Eýsem, Ýehowa Danyýel hakda şeýle sözleri aýdyp ýalňyşdymy? Elbetde, ýok. Danyýel pygamber ömrüniň ahyryna çenli imanyny berk saklap, Ýehowa gulak asdy. Takmynan 100 ýaşyndaka, Hudaýyň perişdesi oňa: «Danyýel, sen jandan eziz söýülýänsiň» diýdi (Dan. 10:11). 

13. Danyýel pygamber ýehudy ýoldaşlary üçin nädip goldaw boldy?

13 Hudaýyň Danyýeli goldaýandygy üçin, ol Wawilonda we Midiýa-Pars şalygynda ýokary wezipäni eýeledi (Dan. 1:21; 6:1, 2). Mümkin, Ýehowa öz halkyny patalamak üçin Müsürde Ýusuby we Pars şalygynda Ester bilen Mordekaýy ulanyşy ýaly, Danyýel pygamberi hem ulanandyr * (Dan. 2:48). Ýesirlikdäki ýehudylara we şol sanda Ezekiýel pygambere Ýehowanyň elini görmek, gör, nähili teselli berendir!

Ýehowa wepaly gullukçylaryny gymmat saýýar (14, 15-nji abzaslara serediň)

14, 15. a) Danyýel pygamberiňki bilen biziň ýagdaýymyzyň nähili meňzeşligi bar? b) Biz Danyýel pygamberiň ene-atasyndan näme öwrenip bileris?

 14 Biz Danyýel pygamberiň imanyndan we Hudaýa gulak asyşyndan nädip görelde alyp bileris? Şu günler biz dünýäde gelmişek bolup ýaşaýarys. Ýalan diniň dünýä imperiýasy bolan beýik Wawilonyň täsiri bilen bütin dünýä ahlak we ruhy taýdan hapalanyp, «jynlaryň ýaşaýan ýerine öwrüldi» (Ylh. 18:2). Dünýädäki adamlardan tapawutlanýandygymyz üçin, biz hatda ýaňsylamalara-da sezewar bolýarys (Mar. 13:13). Geliň, Danyýel pygamber ýaly bizem Hudaýymyz Ýehowa ýakynlaşalyň. Pesgöwünlilik bilen Hudaýa bil baglasak, bizem onuň nazarynda gymmatly bolarys (Hag. 2:7).

15 Biz Danyýeliň ene-atasynyň galdyran göreldesinden hem köp zatlary öwrenip bileris. Nämeleri? Danyýeliň çagalygy zalymlykdan doly Ýahuda ülkesinde geçse-de, ol ulalanda, Hudaýy söýýän adam bolup ýetişdi. Bu öz-özünden däl-de, ene-atasynyň oňa gowy terbiýe berendigi üçin şeýle boldy (Sül. tym. 22:6). Danyýeliň adynyň manysy «Hudaý meniň kazymdyr» diýmegi aňladýar. Bu bolsa onuň ene-atasynyň hudaýhon bolandygyny görkezýär (Dan. 1:6). Ene-atalar, sizem çagalaryňyzy terbiýeläniňizde ruhdan düşmäň, gaýtam, olara sabyrlylyk bilen öwrediň (Efes. 6:4). Şeýle-de çagalaryňyz bilen bile we olar üçin doga ediň. Eger siz çagalaryňyzyň ýüregine Mukaddes Ýazgylardaky hakykatlary guýmak üçin eliňizde baryny etseňiz, edýän tagallalaryňyzy bolluk bilen patalamaga Ýehowa mümkinçilik berersiňiz (Zeb. 37:5).

EÝÝUP BAÝ ÝA-DA GARYPDYGYNA GARAMAZDAN, HUDAÝA GULAK ASYP, WEPALY GALDY

16, 17. Eýýup pygamber nähili kynçylyklara uçrady?

16 Eýýup pygamberiň uçran kynçylyklary. Eýýubyň durmuşyndan köp zatlary öwrenip bileris. Synaglara uçramazdan öň, «ol ähli gündogarlylaryň arasynda iň baýydy» (Eýp. 1:3). Şeýle-de ol örän tanymaldy we hormatlanýan adamdy (Eýp. 29:7—16). Muňa garamazdan, Eýýup kiçigöwünlidi we Hudaýa sygynyp ýaşaýardy. Şonuň üçin Ýehowa oňa «gulum» diýýärdi. Şeýle-de ol hakda: «Akýürekli, dogruçyl, Hudaýdan gorkýan we şerden gaça durýan adamdyr» diýilýär (Eýp. 1:8).

17 Örän gysga wagtyň içinde Eýýup pygamberiň durmuşy düýbünden üýtgeýär. Ol bar emlägini ýitirip, göwnüçökgün ýagdaýa düşýär. Sebäbi Şeýtan ony Hudaýa öz peýdasy üçin gulluk edýär diýip aýyplapdy (Eýýup  1:9, 10-njy aýatlary okaň) *. Ýehowa Şeýtanyň zalymlyk bilen atan töhmetine göz ýummady, gaýtam, Eýýuba wepalylygyny we özüne ak ýürekden gulluk edýändigini subut etmäge mümkinçilik berdi.

18. a) Eýýubyň wepalylygy size nähili täsir edýär? b) Eýýup bilen bolan waka Ýehowa barada nämäni aýan edýär?

18 Şeýtan Eýýuby Hudaýdan ýüz öwürtjek bolup, ençeme ýowuz kynçylyklara sezewar edýär (Eýp. 1:13—21). Soňra üç dosty gelip, göwünlik bermegiň deregine, şeýle betbagtçylyklaryň Hudaý tarapyn bolýandygyny aýdyp, ýüregini agyrdýarlar (Eýp. 2:11; 22:1, 5—10). Emma Eýýup şonda-da Hudaýa wepaly galýar. Elbetde, ol käte oýlanyşyksyz geplese-de, Ýehowa onuň derdine gowy düşünýärdi (Eýp. 6:1—3). Eýýup Şeýtanyň hüjümleri we dostlarynyň ýalan aýyplamalary zerarly göwnüçökgünlige düşse-de, Hudaýdan hiç haçan ýüz öwürmedi. Synaglarda wepaly galansoň, Ýehowa onuň baýlygyny iki esse köpeltdi we ýene 140 ýyl ömür berdi (Ýak. 5:11). Ol Ýehowa bütin ýüregi bilen gulluk etmegini dowam etdi. Biz muňa näme üçin şübhelenmän bileris? Ezekiýel pygamber makalanyň baş aýadyndaky sözleri aýdanda, Eýýubyň aradan çykanyna ençeme asyr geçipdi.

19, 20. a) Biz Eýýup pygamberiň imanyndan we Hudaýa gulak asyşyndan nädip görelde alyp bileris? b) Başgalar oýlanyşyksyz sözleri aýdanda, biz Hudaýyň duýgudaşlygyndan nädip görelde alyp bileris?

19 Biz Eýýup pygamberiň imanyndan we Hudaýa gulak asyşyndan nädip görelde alyp bileris? Nähili ýagdaýlara uçrasak-da, geliň, Ýehowany durmuşymyzda birinji orunda goýalyň, oňa doly bil baglap, ýürekden tabyn bolalyň. Bu babatda Eýýubyňka garanyňda, bizde has köp degerli sebäp bar! Biz Şeýtan we onuň hileleri barada köp zatlary bilýäris (2 Kor. 2:11). Eýýup kitaby arkaly Hudaýyň näme sebäpden horluklara ýol berýändigini hem bilse bolýar. Biz Danyýeliň pygamberliginden Isa Mesihiň ýolbaşçylygy astynda Hudaýyň Patyşalygynyň bütin dünýäniň üstünden höküm sürýändigine düşünýäris (Dan. 7:13, 14). Şeýle-de biz Patyşalygyň kömegi bilen tizden ähli horluklaryň hemişelik ýok ediljekdigini bilýäris.   

20 Eýýup bilen bolan waka kynçylyk çekýän imandaşlarymyza duýgudaşlyk bildirmegiň wajypdygyny hem görkezýär. Eýýup ýaly kimdir biri käte oýlanyşyksyz geplemegi mümkin (Ýak. 3:2). Şeýle adamy ýazgarman, gaýtam, geliň, ýagdaýyna düşünip, duýgudaşlyk bildireliň. Şonda biz söýgüli we rehimdar atamyz Ýehowanyň göreldesine eýereris (Zeb. 103:8).

ÝEHOWA SIZI «GÜÝÇLENDIRER»

21. 1 Petrus 5:10-daky sözler Nuh, Danyýel we Eýýup pygamber bilen bolan wakany nädip ýatladýar?

21 Nuh, Danyýel we Eýýup pygamber dürli döwürde we ýagdaýda ýaşasalar-da, kynçylyklara hötde gelip bildiler. Olaryň durmuşy Petrus resulyň aýdan şu sözlerini ýatladýar: «Biraz wagtlyk azap çekeniňizden soň... merhemete baý Hudaý size doly tälim berer. Ol sizi berkider, güýçlendirer we sarsmajak esasyň üstünde gurar» (1 Pet. 5:10).

22. Indiki makalada näme barada gürrüň ederis?

22 Petrus resulyň ylhamlanyp aýdan sözleri Ýehowanyň öz gullukçylaryny berkidip, güýçlendirjekdigine ynamymyzy artdyrýar. Onuň sözleri Hudaýyň häzirki gullukçylaryna hem degişli. Biziň ählimiz Ýehowanyň güýçlendirmegini we hakyky seždä berk ýapyşmaga kömek etmegini isleýäris. Şonuň üçin, geliň, Nuh, Danyýel we Eýýup pygamberiň imanyndan hem-de Hudaýa gulak asyşyndan görelde alalyň! Indiki makalada olaryň Ýehowany ýakyndan tanandygy üçin wepaly galandyklary barada gürrüň ederis. Aslynda, olar Hudaýyň özlerinden nämä garaşýandygyna gowy «düşünýärdiler» (Sül. tym. 28:5). Biz barada hem şeýle diýse bolar.

^ abzas 1 Ezekiýel 14:12 Maňa Rebbiň şu sözi aýan boldy: 13 «Eý, ynsan ogly! Bir ýurt dönüklik edip, Maňa garşy günä edende, oňa garşy elimi uzadyp, olary bir döwüm çörege zar ederin. Üstüne açlyk iberip, ynsanlary we haýwanlary gyryp taşlaryn. 14 Eger şu üç adam Nuh, Danyýel we Eýýup ol ýerde bolsalar-da, olar dogruçyllyklary bilen diňe öz janlaryny halas edip bilerler». Muny Hökmürowan Reb diýýär.

^ abzas 2 Ezekiýel pygamber b. e. öň 617-nji ýylda Wawilona sürgün edilýär. Ol Ezekiýel 8:1—19:14-nji aýatlary «sürgünde bolýan wagtynyň altynjy ýylynda», ýagny b. e. öň 612-nji ýylda ýazdy.

^ abzas 5 Nuh pygamberiň hudaýhon kakasy Lemek Tupan başlamazdan takmynan bäş ýyl öň aradan çykýar. Eger Nuhuň ejesi we doganlary şol wagt bolan bolsa, onda olar Tupanda heläk bolandyrlar. Sebäbi olar Ýehowa gulluk etmeýärdiler.

^ abzas 9 Malaky 3:17 Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Meniň bellän günüm olar Meniňki bolar. Olar Meniň gymmatly halkym bolar. Atasynyň özüne hyzmat eden ogluna haýpy gelşi ýaly, Meniň hem olara haýpym geler. 18 Şonda siz ýene bir gezek dogry bilen egriniň, Hudaýa gulluk edýän bilen etmeýäniň arasyndaky tapawudy görersiňiz».

^ abzas 13 Ýokary wezipelere bellenen Danyýeliň üç dosty barada hem şeýle diýse bolar (Dan. 2:49).

^ abzas 17 Eýýup 1:9 Şeýtan Rebbe şeýle jogap berdi: «Eýýup Hudaýdan ýöne ýere gorkýandyr öýdýäňmi? 10 Sen onuň özüni, maşgalasyny we bar mal-mülküni Öz penaňda saklaýarsyň ahyryn! Onuň elleriniň işine bereket berdiň, ýurtda mal-garasyny örňetdiň».