Hudaýa bil baglap, batyrgaý boluň
Şu kitap size Hudaýa bil baglap, batyrgaý bolmaga kömek eder.
Ýolbaşçylyk maslahatynyň haty
Ýolbaşçylyk maslahaty siziň geçmişde ýaşan mert ýigitleriň, gaýratly gelin-gyzlaryň göreldesine eýermegiňizi isleýär.
GIRIŞ
Siz batyrgaý bolup bilersiňiz
Şu kitap batyrgaý bolmagy öwredýär. Ýehowa geçmişde ejiz adamlara batyrgaý bolmaga kömek etdi, size-de kömek eder.
1-NJI BÖLÜM
1-NJI BÖLÜM
Idrisden serdarlaryň döwrüne çenli
Bölümde Idrisden Şamuweliň döwrüne çenli ýaşan imany berk hem batyrgaý adamlar hakda gürrüň edilýär.
1-nji bölümiň wagt çyzgysy
Mukaddes Kitapda ady agzalan adamlaryň ýaşan ýyllaryny we ähmiýetli wakalary görkezýän wagt çyzgysy.
1 IDRIS PYGAMBER
Ol hak Hudaýyň ýolundan ýöreýärdi
Idris Hudaýy razy etmek üçin iki zady edýärdi. Oňa näme kömek etdi? Biz Idris ýaly batyrgaý bolmak üçin näme etmeli?
2 NUH PYGAMBER
Ol tabşyryga gulak asdy
Biziň günlerimiziň Nuhuň günleri bilen nähili meňzeşligi bar? Biz Nuh ýaly ýene nädip batyrgaý bolup bileris?
4 YBRAÝYM PYGAMBER
Ol Ýehowa üçin söweşen ilkinji adam
Ybraýymyň janyny orta goýup, inisi Luty halas edişinden näme öwrenýäris? Batyrgaýlygy we imanynyň berkdigi üçin Ýehowa Ybraýymy sylagladymy?
5 YBRAÝYM PYGAMBER
Ol söwer oglundan geçmäge taýyndy
Biz Ybraýymyň batyrgaýlygyndan näme öwrenýäris? Ybraýym bilen bolan waka Ýehowanyň adamlary söýýändigini nädip subut edýär?
7 ÝAKUP PYGAMBER
Ol başyny orta goýup maşgalasyny gorady
Ýakup Ýehowanyň ak patasyny almak üçin hemme zatdan geçmäge taýyndy. Biz ondan näme öwrenýäris?
9 ŞIPRA, PUWA, IMRAM, ÝOKEBET WE MERÝEM
Olar bäbejigi gizlediler
Şipra bilen Puwa, Imram bilen Ýokebet we Merýem imanynyň berkdigini we batyrgaýdygyny görkezdiler. Olardan nädip görelde alyp bileris?
10 MUSA PYGAMBER
Ol dogry ýoly saýlady
Musa nähili karara geldi we näme üçin? Ondan nädip görelde alyp bileris?
11 MUSA PYGAMBER
«Faraonyň ýanyna bar»
Ýehowanyň tabşyran ýumşuny ýerine ýetirmäge ýaýdanýan bolsak, Musadan näme öwrenip bileris?
13 ÝUŞA
Oňa täsin tabşyryk berildi
Ýehowa Ýuşa nähili tabşyryk berdi? Biz Ýuşanyň göreldesine nädip eýerip bileris?
14 RAHAW
Ol Ýehowanyň tarapyna geçdi
Biz Rahawdan nädip görelde alyp bileris? Imany we batyrgaýlygy üçin ol nähili sylag aldy?
15 NAGOMY BILEN RUT
Olar bir-birine söýget boldy
Nagomy bilen Rut nädip batyrgaý boldular? Biz olaryň göreldesine nädip eýerip bileris?
16 BARAK BILEN DEBORA
«Men seniň bilen giderin»
Barak Deboradan söweş meýdanyna gitmegi haýyş edýär. Onuň bu haýyşy gorkakdygyny ýa-da imanynyň gowşakdygyny görkezýärmi?
17 ÝAÝYL
«Iň bagtly aýal»
Ýehowa Mukaddes Kitaba Ýaýylyň batyrgaýlygy hakda ýazdyrdy. Biz näme üçin Ýaýyl ýaly batyrgaý bolmaly?
18 GEDEÝON SERDAR
Batyrgaý hem ätiýaçly adam
Biz haýsy ýagdaýlarda hem batyrgaý, hem ätiýaçly bolmaly?
20 ŞIMŞON SERDAR
Ol ejizlese-de yza çekilmedi
Şimşon ýalňyşlyk goýberensoň näme etdi? Biz ondan nädip görelde alyp bileris?
21 ŞAMUWEL
Batyrgaý oglanjyk Hudaýyň habaryny aýdýar
Biz biriniň Mukaddes Kitabyň kada-kanunlaryny bozýandygyny bilsek näme üçin aýtmaga çekinmeli däl?
2-NJI BÖLÜM
2-NJI BÖLÜM
Patyşalardan Iýerusalimiň dikeldilen döwrüne çenli
Bölümde Şawul patyşanyň ogly Ýonatanyň, Dawut patyşanyň, Wawilondan watanyna dolanyp gelen we Iýerusalimiň diwarlaryny dikelden ýehudylaryň imany hem batyrgaýlygy hakda bileris.
2-nji bölümiň wagt çyzgysy.
Iýerusalimiň dikeldilen döwründäki adamlaryň ýaşan ýyllaryny we ähmiýetli wakalary görkezýän wagt çyzgysy.
22 ÝONATAN
Ol wepadar dostdy
Kakasynyň garaýşy Ýehowanyňka garşy gelende, Ýonatan gökdäki Atasyna gulak asýar. Ýonatan kime wepaly bolmalydygyny nädip bildi? Biz ondan nädip görelde alyp bileris?
23 DAWUT
Ol äpet pälwany ýere ýazdy
Dawut «batyrgaý, gaýduwsyz» diýip tanaldy. Dawudyň mysaly başgalary nädip ruhlandyrýar? Batyrgaý bolsak, kimleri ruhlandyrarys?
25 DAWUT
Ynsaby oňa ýol görkezdi
Dawut Şawul patyşadan ar alyp bilýärdi, ýöne oňa barmagyny hem batyrmady. Oňa näme kömek etdi? Biz Dawutdan nädip görelde alyp bileris?
26 NATAN PYGAMBER
Ol patyşanyň aýybyny açdy
Dostumyz agyr günä etse, Natan pygamberden nädip görelde alyp bileris?
27 MEPIBOŞET
Ol adalatsyzlyga mertlerçe döz geldi
Göwnüçökgünlige we kynçylyga düşenimizde, Mepiboşetiň göreldesine nädip eýerip bileris?
28 ASA PATYŞA
Asa «bütin ömrüne Ýehowa ýürekden gulluk etdi»
Ýehowa bütin ýüregi bilen gulluk eden Asa patyşadan näme öwrenýäris?
30 SAREPTALY DUL AÝAL
Ol gorka özüni aldyrmady
Sareptaly dul aýal bilen bolan waka Ýehowa bil baglamaga nädip höweslendirýär?
31 YSRAÝYL GYZJAGAZY
Ol ýesir düşse-de, gorkynyň ýesiri bolmady
Wagyz etmäge gorksak ysraýyl gyzjagazyndan nädip görelde alyp bileris?
32 ALYŞA PYGAMBER
«Hyzmatkärimiň gözüni aç»
Synaglarda perişdeleriň ýanymyzdadygyny bilmek berk durmaga nädip kömek edýär?
33 ÝEHOÝADA RUHANY
Ol patyşa üçin janyny orta goýdy
Ýehoýada batyrgaýlygyny nädip görkezdi? Biz ondan nädip görelde alyp bileris?
34 HIZKIÝA PATYŞA
Ol Hudaýyň halkyny gorady
Hizkiýa batyrgaý we imany berk patyşady. Biz ondan nädip görelde alyp bileris?
35 MANAŞA PATYŞA
Ol ýalňyşyny boýun almagy kiçilik bilmedi
Biz Manaşanyň batyrgaýlygyndan nädip görelde alyp bileris?
36 ÝOŞYÝA PATYŞA
Ol arassa seždäni dikeltdi
Ýoşyýanyň kakasy Ýehowadan ýüz öwürse-de, ol arassa seždäniň tarapyny tutdy. Biz ondan näme öwrenip bileris?
37 DANYÝAR PYGAMBER
Ol Hudaýa wepaly bolmagy ýüregine düwdi
Ýaşlar Danyýar pygamberiň batyrgaýlygyndan we wepalylygyndan näme öwrenip biler? Danyýar pygamberden nädip görelde alyp bileris?
38 ÜÇ ÝEWREÝ ÝIGIT
Olar «ody söndürdiler»
Üç ýewreý ýigit ölümden hem gorkmady. Biz nädip üç ýigit ýaly pesgöwünli, ýumşak we Hudaýa wepaly bolup bileris?
39 ESTER
Ol halkyny goramak üçin ölmäge-de taýyndy
Ester örän paýhasly gelindi we Mordekaýa gulak asýardy. Ol Ýehowa sežde etmeýän ärine-de hormat goýýardy. Ondan nädip görelde alyp bileris?
40 NEHEMÝA
Ol diwarlary dikeltdi
Biz nädip Nehemýa ýaly Ýehowa janymyz-tenimiz bilen gulluk edip bileris? Ýaşulular onuň göreldesine nädip eýerip biler?
3-NJI BÖLÜM
3-NJI BÖLÜM
Isa Mesihiň we şägirtleriniň döwri
Bölümde ýehudy gyzy Merýemden başlap Ýahýa resulyň döwrüne çenli ýaşan wepaly we batyrgaý adamlar hakda gürrüň edilýär.
3-nji bölümiň wagt çyzgysy.
3-nji bölümde ady agzalan adamlaryň ýaşan ýyllaryny görkezýän we Isa Mesihiň döwründen Ýahýa resulyň döwrüne çenli bolan ähmiýetli wakalaryň wagt çyzgysy.
41 ZEKERÝA BILEN ELIZABET
Hudaý olary dogruçyl hasaplaýardy
Ýehowa Zekerýa bilen Elizabeti näme üçin dogruçyl hasaplady? Biz nädip Hudaýyň öňünde dogruçyl adam bolup bileris?
42 MERÝEM
Ol Ýehowa doly bil baglady
Merýeme jogapkärli ýumuş tabşyryldy. Ol ömrüniň soňuna çenli mertligini nädip görkezdi?
44 SUWA ÇÜMDÜRÝÄN ÝAHÝA
«Ýahýadan beýigi bolan däldir»
Batyrgaý Ýahýa sada ýaşady. Onuň göreldesine nädip eýerip bileris?
45 PETRUS RESUL
«Men bir günäli adam»
Ejizligiňiz bilen göreşseňiz-de nädip Petrus ýaly gullugyňyzy dowam edip bilersiňiz?
46 MAGDALALY MERÝEM
«Halypamyzy gördüm!»
Merýem Isa bilen şägirtlerine kömek etmek üçin elinde baryny edýär. Biz nädip Merýem ýaly duýgudaş hem batyrgaý bolup bileris?
47 LAZARYŇ GYZ DOGANY MERÝEM
«Ol elinde baryny etdi»
Isa pygamber Lazaryň dogany Merýemi imany we batyrgaýlygy üçin öwdi. Biz Merýemiň göreldesine nädip eýerip bileris?
48 STEFANUS
Onuň «imany güýçlüdi, mukaddes ruhdan doludy»
Stefanusy aýyplap kazyýete getirýärler. Ol imanyny nädip goraýar? Onuň göreldesine eýerip nädip wepaly bolup bileris?
49 PETRUS RESUL
Ol adyna mynasyp boldy
Petrus bilen bolan waka Ýehowa bil baglamaga we gorkyny ýeňmäge nädip kömek edýär?
50 TARSUSLY SAWUL
Ol tümlükden ýagtylyga çykdy
Isanyň şägirtlerini yzarlan zalym adam durmuşyny nädip üýtgetdi? Biz ondan näme öwrenip bileris?
51 BARNABAS
«Göwünlik ogly»
Barnabas batyrgaýlyk bilen Sawuly resullaryň ýanyna getirýär. Dogan-uýalara kömek edenimizde Barnabas ýaly nädip batyrgaý bolup bileris?
52 MARKUS
«Ol maňa hyzmat eder»
Kynçylykara garamazdan, Markus Ýehowa batyrgaýlyk bilen gulluk etdi we dogan-uýalara hyzmat etdi. Markusdan nädip görelde alyp bileris?
53 PAWLUS RESUL
«Mert boluň»
Pawlus çykgynsyz ýagdaýda batyrgaýlygyny nädip görkezdi? Onuň batyrgaýlygy başgalara nädip kömek etdi?
54 ÝAHÝA RESUL
Dyz epmedik goja
Ýahýa resul kynçylyklarda gorkmady we ruhdan düşmedi. Biz nädip Ýahýa ýaly batyrgaý bolup, Hudaýyň ýolundan ýöräp bileris?
SÖZSOŇY
SÖZSOŇY
«Ýehowa meniň kömekçim, men gorkmaryn»
Mukaddes Kitapda Ýehowa wepaly gulluk eden mert ýigitleriň, gaýratly gelin-gyzlaryň wakasy ýazylan. Olaryň göreldesine eýersek batyrgaý bolup bileris.
Bagyşlaň, siziň gözleýän zadyňyz tapylmady.

