Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Terjimehal

Biz «gymmatbaha dürdänäni tapdyk»

Biz «gymmatbaha dürdänäni tapdyk»

WINSTON we Pamela Awstraliýadaky filialda gulluk edýär. Olar köp ýyl bäri bagtly ýaşasalar-da, durmuşynda kynçylyklar hem bolupdy. Meselem, olar başga medeniýete öwrenişmeli we çagasynyň ölümine döz gelmeli bolupdylar. Şeýle kynçylyklara garamazdan, olar Ýehowa we onuň halkyna bolan söýgüsiniň gowşamagyna ýol bermediler hem-de gullukda şatlygyny ýitirmediler. Geliň, olaryň başyndan geçiren käbir wakalaryny diňläliň.

Winston dogan, hakykata nädip gelendigiňizi gürrüň berip bilersiňizmi?

Men Awstraliýanyň Kwinslend ştatynyň bir obasynda dünýä indim. Ene-atam Hudaýa iman etmeýärdi. Biz çet ýerde ýaşaýandygymyz üçin, maşgala agzalarymyzdan başga adamlary känbir görmeýärdik. 12 ýaşymda Hudaýy gözläp başladym. Men oňa doga edýärdim we özi barada hakykaty açyp bermegini dileýärdim. Soňra men Günorta Awstraliýanyň Adelaide şäherinde iş tapdym. 21 ýaşymda Sidneý şäherinde dynç alyp ýörkäm, Pamela bilen tanyşdym. Ol maňa britan-ysraýyl dini topary barada gürrüň berdi. Şeýle-de britaniýaly adamlaryň özlerini ysraýyl halkynyň ýiten taýpalarynyň nesli hasaplaýandyklaryny aýtdy. Olaryň aýtmagyna görä, b. e. öň VIII asyrda ysraýyl patyşalygynyň on taýpasy ýesirlige äkidilipdir. Soňra men Adelaide şäherine dolandym. Men ol ýerde Ýehowanyň Şaýatlary bilen okuw geçip başlan bir işdeşim bilen bu barada gürleşdim. Onuň bilen Ýehowanyň Şaýatlarynyň ynançlary barada bary-ýogy birnäçe sagat gepleşenimde, çagakam eden dogama Hudaýyň jogap berendigine düşündim. Men Ýaradyjymyz we onuň Patyşalygy barada hakykaty bildim. Hawa, men «gymmatbaha dürdänäni tapdym» (Mat. 13:45, 46).

Pamela uýa, sizem şeýle dürdänäni çagalygyňyzdan gözläp başlapdyňyz. Ony nädip tapandygyňyzy gürrüň berip bilersiňizmi?

Men Täze Günorta Welsiň Kofs-Harbor şäherinde hudaýhon maşgalada ulaldym. Ejem bilen kakam we enem hem-de atam britan-ysraýyl dini toparynyň taglymatlary boýunça ýaşaýardy. Oglan jigim, gyz doganym, ýegenlerimiziň köpüsi we menem Hudaý britaniýalylaryň ata-babalaryndan razy diýen düşünje bilen ulaldym. Ýöne men munuň bilen razylaşmaýardym we özümi Hudaýdan uzakda ýaly duýýardym. 14 ýaşymdakam men iňlisleriň, baptistleriň we adwentistleriň buthanalaryna gatnadym. Emma ol ýerdäki adamlaryň özleri ruhy taýdan aç bolansoň, maňa Hudaýy tanamaga kömek edip bilmediler.

Soňra maşgalamyz Sidneýe göçdi. Men ol ýerde Winstona duşdum, ol dynç almaga gelen eken. Ýaňy aýdyşy ýaly, ruhy gürrüňler Winstona gowy täsir edensoň, ol Şaýatlar bilen okuw geçip başlaýar. Soňra biz biri-birimize hat ýazyp başladyk. Ol maňa aýat ýazyp ugradýardy. Dogrymy aýtsam, men başda biynjalyk boldum, hatda gaharymam gelýärdi. Ýöne kem-kemden onuň aýdýanlarynyň hakykatdygyna düşündim.

1962-nji ýylda men Adalaide şäherine göçdüm. Winston hem şol ýerdedi. Ol meni Tomas bilen Janisa Sloman atly bir mesihçi är-aýal bilen tanyşdyrdy. Men olaryň öýünde ýaşadym. Olar Papua-Täze Gwineýada missioner bolup gulluk edýärdi. Bu är-aýal diýseň mähirlidi. Şol wagt men ýaňy 18 ýaşymdadym. Olar maňa ruhy taýdan ösmäge uly kömek etdiler. Şeýdip, menem Hudaýyň Sözüni öwrenip başladym we tizden öwrenýän zatlarymyň hakykatdygyna göz ýetirdim. Winston ikimiz toý edenimizden soň, galan ömrümizi Ýehowa gulluk etmegi maksat edindik. Durmuşymyzda kynçylyklar bolsa-da, bu biziň tapan gymmatbaha dürdänämiz üçin Ýehowa minnetdarlygymyzy gowşatman, gaýtam, hasam berkitdi.

Winston dogan, Ýehowa gulluk edip başlan ýyllaryňyzda bolan käbir wakalary gürrüň berip bilersiňizmi?

A. Etrap gözegçisi bolup gulluk eden ýerlerimiziň çyzgysy

B. Käbir adalaryň poçta belgileri. Kiribati we Tuwalu adalaryna öňler Gilbert hem-de Ellis adalary diýilýärdi

Ç. Tuwaludaky owadan Funafuti adasy. Bu missionerler bellenmezden öň, aýlanan köp adalarymyzyň biri

Pamela bilen toý edenimizden biraz wagt geçensoň, köpräk gulluk eder ýaly, Ýehowa bize ilkinji «uly gapylaryň» birini açdy (1 Kor. 16:9). Ilkinji gapy biziň kiçijik ýygnagymyzda etrap gözegçisi bolup gulluk eden Jek Porter dogan arkaly açyldy (ol häzir Awstraliýanyň filial komitetiniň agzasy bolup gulluk edýär). Jek we onuň aýaly Rozylan bizi pioner bolmaga höweslendirdi. Biz 5 ýyl höwes bilen pioner bolup gulluk etdik. 29 ýaşymdakam, aýalym ikimizi Fijidäki filialyň gözegçiligindäki Ýuwaş okeanyň günortasyndaky adalarda etrap gözegçisi bolup gulluk etmäge bellediler. Şol adalara Amerikan Samoa, Samoa, Kiribati, Nauru, Niu, Tokelau, Tonga, Tuwalu we Wanuatu degişli..

Käbir adalar gaty çetde ýerleşýärdi. Şol ýerde ýaşaýan adamlar Ýehowanyň Şaýatlaryna müňkürlik bilen seredýärdiler. Şonuň üçin hem biz seresap bolýardyk (Mat. 10:16). Ýygnaklar kiçijikdi, käbir dogan-uýalar bolsa bizi öýüne myhman alyp bilmeýärdi. Şol sebäpli biz obadaky adamlaryň öýünde galmaga ýer gözleýärdik. Ýaňy aýdyşym ýaly, olar Şaýatlara şübheli seretse-de, biziň bilen özlerini mähirli alyp barýardy.

Winston dogan, siz terjime işini gaty gowy görýärsiňiz. Ony näme üçin gowy görýändigiňizi gürrüň berip bilersiňizmi?

Samoda ýaşulular mekdebinde

Tonga adasynda gulluk edip başlanymyzda, polineziýa dilinde bary-ýogy birnäçe kitapça bardy. Dogan-uýalar wagyzda «Ebedi ýaşaýşa eltýän hakykat» atly kitabyň iňlisçe terjimesini ulanýardylar. Ýaşulular üçin geçirilen dört hepdelik mekdebiň dowamynda, ýerli ýaşulularyň üçüsi iňlis dilini känbir gowy bilmese-de, şol kitaby tonga diline terjime etmäge razy boldular. Pamela terjime edilen teksti ýazmaga kömek etdi. Soňra çap edilmegi üçin ony ABŞ-daky filiala ugratdyk. Kitabyň doly taýýar bolmagy üçin takmynan sekiz hepde gerek boldy. Terjimäniň hili onçakly gowy bolmasa-da, bu kitap tonga dilinde gepleýän adamlaryň köpüsine hakykaty bilmäge kömek etdi. Aýalym Pamela ikimiz şol wagt terjimeçi bolmasak-da, bu waka terjimeçilik işine bolan islegimizi artdyrdy.

Pamela uýa, adadaky ýaşaýşyň Awstraliýadakydan nämede tapawutlanýandygyny gürrüň berip bilersiňizmi?

Etrap gözegçisi bolup gulluk eden döwrümiz ýaşan öýümiz

Hasam biziň ýaşan ýerlerimizi göz öňünde tutsaň, ol ýer gaty tapawutlanýar. Adada mör-möjekler köp, howasy bolsa yssy we çygly; mundan başga-da alakalaram bar, keselçilikden, käwagt bolsa iýmit ýetmezçiliginden kösenýärdik. Emma bolýan öýümizden her gün agşam okeany synlanyňda, şeýle bir göwnüň göterilýärdi. Öýümiziň üçegi samandan edilendi, diwarlaram ýokdy. Adanyň ýaşaýjylary oňa öz dillerinde fale diýýärdi. Käte aýly gijede biz owadan palma agaçlaryny hem synlap bilýärdik. Aýyň ýagtysyna okean hasam owadan bolup görünýärdi. Şeýle zatlar bizi doga etmäge we oýlanmaga höweslendirýärdi. Bu bolsa bize erbet duýgulary ýeňip, gowy zatlar hakda pikirlenmäge kömek edýärdi.

Biz ol ýerdäki çagalary gaty gowy görýärdik. Olar gaty üýtgeşikdi we daşary ýurtly akýagyz adamlary görenlerinde, çiňerilip seredýärdiler. Biz Niu adasyna baranymyzda, kiçijik oglanjyk Winstonyň elinden sypalap: «Siziň tüýlüje eliňizi gowy görýärin» diýdi. Ol öň şeýle tüýlüje elleri hiç haçan görmedik bolmaga çemeli. Şonuň üçinem şeýle diýen bolmaly.

Köp adamlaryň gaty garyp ýaşaýandygyny görenimizde, ýüregimiz dilim-dilim bolýardy. Ol ýer gaty owadan bolsa-da, adamlaryň saglygynyň känbir aladasy edilmeýärdi, suwam gaty azdy. Ýöne ýerli doganlar bu zatlar sebäpli känbir biynjalyk bolmaýardy. Olar muňa adaty zat ýaly garaýardy. Olar maşgalasy bilen bile ýaşaýandygyna, Hudaýa agzybir sežde edip bilýändigine we Ýehowany şöhratlandyrmak mümkinçiliginiň bardygyna begenýärdiler. Olaryň göreldesi bize ünsümizi wajyp zatlara gönükdirip, sada ýaşamaga kömek etdi.

Pamela uýa, siz suw daşamaly, nahar bişirmeli bolupsyňyz. Bu size nädip başartdy?

Tongoda Pamela egin-eşiklerimizi ýuwup otyr

Muny maňa kakam öwredipdi. Ol maňa ot ýakmagy, otda nahar bişirmegi we zatlary nädip tygşytly ulanmalydygyny öwretdi. Bir gezek Kiribati adasyna baranymyzda, biz üçegi gamyşdan, diwarlary bolsa bambuk agajyndan ýasalan öýde bolduk. Ýönekeýje nahar etmek üçin men poly deşdim-de, ot ýakar ýaly ýer taýýarladym we kokosyň daşyny odun hökmünde ulandym. Suwy bolsa, adadaky aýallar bilen guýudan daşaýardym. Munuň üçin nobata durmaly bolýardy. Olar uzyn taýagyň ujuna berkidilen inçejik ýüp bilen guýudan suw çekip çykarýardylar. Bu taýak edil balyk tutulýan çeňňege meňzeýärdi. Olar ýüpüň bir ujuny taýaga, beýleki ujuny bolsa guta daňýardylar. Soňra hatara düzülip, her kim öz gezeginde ýüpi zyňýardy we çekmeli diýip yşarat edilende, beýlekiler ony çekip alýardy. Şeýdip, gezekli-gezegine gaplarymyzy suwdan doldurýardyk. Daşyndan seredip, bu gaty aňsatdyr öýdýärdim, ýöne öz nobatym ýetende, beýle däldigine göz ýetirdim. Men ýüpi birnäçe gezek guýa taşladym, ýöne her gezegem guta suw girmeýärdi. Hemmeler üstümden gülüp bolansoň, bir aýal maňa kömek etdi. Obanyň adamlary hemişe bize kömek edýärdiler we özlerini mähirli alyp barýardylar.

Siziň ikiňizem adada gulluk etmegi gowy görýärdiňiz. Käbir ýakymly ýatlamalary paýlaşyp bilersiňizmi?

Winston: Ol ýerde gulluk edip, biz köp zatlary öwrendik. Meselem, dogan-uýalar nahar taýýarlansoň, özleri iýmän bar nahary bize berýärdiler. Başda biz olar üçin bir zatlar goýmalydyrysam öýtmeýärdik. Şonuň üçinem öňümizde näme goýulsa, hemmesini iýýärdik. Ýöne biz munuň nädogrudygyna düşünenimizde, olara-da galdyryp başladyk. Şeýle gödek hereket etsegem, dogan-uýalar bize düşünýärdi. Etrap gözegçisi hökmünde her alty aýdan olaryň ýygnagyna baranymyzda, dogan-uýalar gaty begenýärdiler. Ýerli dogan-uýalar bizden başga daşary ýurtly imandaşlaryny görmeýärdiler.

Niu adasynda dogan-uýalar bilen wagyzda

Biziň ol ýere barmagymyz obanyň ýaşaýjylaryna hem gowy şaýatlyk boldy. Olaryň köpüsi adadaky dogan-uýalara ýönekeýje dini topar hökmünde garaýardy. Ýöne biz dogan-uýalary idemäge gelenimizde, obanyň ýaşaýjylary olaryň ýöne bir dini topar däl-de, bir-biriniň aladasyny edýän uly guramanyň agzalarydygyna düşünip, gaty geň galdylar.

Pamela: Mende hasam bir waka täsir galdyrdy. Kiribatidäki ýygnakda bary-ýogy birnäçe dogan-uýa hem-de Itinikaý Matera atly ýekeje ýygnak ýaşulusy bardy. Ol biziň ýürekden aladamyzy edýärdi. Bir gezek ol sebedindäki ýekeje ýumurtgany görkezip: «Bu siziň üçin» diýdi. Şol gytçylyk döwri ýumurtga tapmak kyndy. Bu kiçijik, ýöne jomartlyk bilen berlen sowgat bize güýçli täsir etdi.

Pamela uýa, birnäçe ýyl mundan öň, çagaňyz aýrylypdy. Şeýle agyr derdiň nädip hötdesinden geldiňiz?

1973-nji ýylda Winston ikimiz Ýuwaş okeanyň günortasyndaky adalarda gulluk edýärdik. Şol döwür men göwreli boldum. Şonuň üçin biz Awstraliýa dolandyk. Dört aý geçensoň, çagamyz aradan çykdy. Bu Winstona-da gaty agyr degdi. Wagt geçdigi saýyn, derdim biraz ýeňlese-de, 2009-njy ýylyň 15-nji aprelinde çykan «Garawul diňi» žurnalyny okaýançam, hasratyma doly döz gelip bilmedim. Onda «Okyjylaryň sowallary» atly makalada «Enäniň göwresindekä ölen çaganyň direljekdigine umyt etse bolarmy?» diýen soraga jogap berilýärdi. Bu makala bize gaýgy-aladamyzy Ýehowa tabşyrmaga kömek etdi. Sebäbi ol hemişe adalatly hereket edýär. Tizden Ýehowa şu zalym dünýäniň salýan ähli ýaralaryny bejerer we söýgüli Ogly arkaly «Iblisiň işlerini» ýok eder (1 Ýah. 3:8). Şeýle-de şol makala Ýehowa minnetdarlygymyzy hasam artdyrdy. Onuň halkynyň agzasy bolmak biziň üçin uly hormat. Dogrudanam, Hudaýyň Patyşalygynyň berýän umydy bolmadyk bolsa, häzir biz nirede bolardyk?!

Çagamyzy ýitirenimizden soň, ýene-de uzak wagtly gulluga başladyk. Biz birnäçe aý Awstraliýadaky Beýtelde gulluk etdik. Soňra bizi etrap gözegçisi edip bellediler. Täze Günorta Walesde we Sidneýde dört ýyl gulluk edenimizden soň, bizi 1981-nji ýylda Awstraliýadaky Beýtele çagyrdylar. Biz häzirem şol ýerde gulluk edýäris.

Winston dogan, siz Ýuwaş okeanyň günortasyndaky adalarda köp gyzykly wakalary başdan geçirdiňiz. Bu size häzir Awstraliýanyň filial komitetiniň agzasy bolup edýän gullugyňyza kömegi degýärmi?

Hawa, gaty köp kömegi degýär. Başda Awstraliýanyň filialy Amerikan-Samoa we Samoa adalaryna gözegçilik edýärdi. Soňra Täze Zelandiýadaky filial Awstraliýanyň filialyna birikdirildi. Häzir Awstraliýadaky filialyň territoriýasyna Amerikan-Samoa, Samoa, Kuk adalary, Täze Zelandiýa, Niu, Timor-Leste, Tokelau we Tonga degişli. Men filialyň wekili hökmünde olaryň köpüsine aýlandym. Bu meniň üçin örän uly hormatdy! Şol adalardaky wepaly dogan-uýalar bilen gulluk etmegim, maňa häzirem filialdaky gullugymy berjaý etmekde uly kömek edýär.

Winston bilen Pamela Awstraliýadaky filialda

Dogrymy aýtsam, aýalym Pamela bilen ençeme ýyl bile gulluk edip, Hudaýy diňe uly ýaşly adamlaryň gözlemeýändigine göz ýetirdim. Biziň maşgalamyzda bolşy ýaly, maşgala agzalary hakykat bilen gyzyklanmasa-da, hatda ýaşlaram «gymmatbaha dürdänäni» tapmak isleýärler (2 Pat. 5:2, 3; 2 Ýyl. 34:1—3). Söýgüden doly Hudaýymyz Ýehowa ýaşlaryňam, gartaşanlaryňam hakyky ýaşaýşa gowuşmagyny isleýär.

Aýalym Pamela ikimiz 50 ýyl mundan öň Hudaýy gözläp başlanymyzda, eden azajyk tagallamyz şeýle köp bereket getirer öýtmeýärdik. Dogrudanam, Patyşalyk baradaky hakykat bahasyna ýetip bolmaýan dürdäne! Biz bu dürdänäni mundan beýläk hem gaýym tutmak üçin elimizde baryny etmek isleýäris.