Esasy materiala geçiň

Göwnüňi göterýän multfilmler

Göwnüňi göterýän multfilmler

«Ýehowanyň dosty boluň» atly multfilmleriň ýygyndysy barada malaziýaly bir adam şeýle sözleri aýdýar: «Ýehowa ene-atalaryň isleg-arzuwyny eşitdi».

Ýehowanyň Şaýatlary Aman we onuň maşgalasy baradaky ilkinji multfilmi çykarandan soň, şol multfilmler ýygyndysynyň başga-da bölümlerini çykarmagyny dowam etdiler. Bu multfilmler jw.org saýtymyzda ýerleşdirilip, çagalar ondan wajyp ahlak düzgünleri we gowy sapaklary, meselem, ogurlyk etmeli däldigini ýa-da Hudaýa nädip doga etmelidigini öwrenýär.

Ilkinji multfilm çykanda, 131 dile terjime edildi we bu ýer ýüzüniň ähli künjegindäki çagalara köp peýda getirdi.

Ýürekden aýdylan sözler

Bäş çagaly bir aýal şeýle ýazýar: «Bir hepde mundan öň, DVD görnüşindäki «Gulak asmak bereket getirýär» atly wideony aldyk we ony 50 gezek gaýtalap gördük».

Angliýada ýaşaýan 12 ýaşly Milliniň 15 ýaşly Tomas atly dogany Dauna keselinden ejir çekýär. Milli şeýle ýazýar: «Tomas Aman baradaky multfilmleri telefonyna geçirip alýar-da, ony mekdepdäki dostlaryna görkezýär. Ol bu multfilmlerdäki aýdymlary gaty gowy görýär, ony ýakymly sesi bilen aýdanda, bir uýamyz hatda aglapdy. Bu gaty tolgundyryjy!».

Awa atly 8 ýaşly gyzjagaz şeýle ýazýar: «Çagalar Aman bilen Aýnadan köp zatlary öwrenip bilýär».

Mikaýla şeýle ýazýar: «Men 6 ýaşymda. „Gulak asmak bereket getirýär“ atly aýdymyňyz üçin sag boluň. Multfilm maňa ene-atama gulak asmagy öwretdi, sebäbi bu Ýehowany begendirýär».

Peýdaly multfilmler

Ýehowanyň Şaýady bolmadyk bir ýaş multiplikator «Ogurlyk etmeli däl» atly multfilmi görýär. Bu oňa örän gowy täsir edýär. Aýratynam, ol muňa köp adamyň gatnaşmandygyny bilende, örän haýran galýar. Ol şeýle diýýär: «Men uly hem kiçi multfilm çykarýan studiýada işleýän adamlary bilýärin. Şonuň ýaly ýerlerde işlemegiň aňsat däldigine düşünýärin. Iň soňy, olaryň ähli edýän işleri we tagallalary adamlary bary-ýogy birki sagat güldürýär. Siziň çekýän zähmetiňiz bolsa, çagalaryň durmuşyna gowy täsir edýär, ýagşy-ýamany saýgarmagy öwredýär we dogry karara gelmäge kömek edýär. Siz bu işleri adamlara peýda getirmek üçin edýärsiňiz».

Bütin dünýädäki ene-atalar bu sözler bilen ylalaşýar. Bir eje şeýle ýazýar: «Meniň Kuin atly üç ýaşly oguljygym „Ýehowanyň dosty boluň“ diýen multfilmi görende, onuň ýarysynda maňa seredip, kiçijik elini ýüreginiň üstüne goýup: „Ejejan, bu multfilm meniň göwnümi göterdi“ diýdi».