Isa pygamberiň hoş habary

Filmden Hudaýyň Ogly we adamzadyň Halasgäri Isa Mesih hakda öwreniň.

«Isa pygamberiň hoş habary». Köp bölümli filmiň mazmuny

Injilde ýazylan Isa pygamber baradaky wakalary filmden hezil edip görüň.

1-NJI BÖLÜM

Dünýä ýagty saçýan nur

Ýusup bilen Merýem üýtgeşik çaga, ýagny Isa pygambere terbiýe berdi.

2-NJI BÖLÜM

«Söýgüli Oglum»

Suwa çümdürýän Ýahýa Mesihiň gelendigi hakda wagyz edýär. Isa pygamber gullugyna başlaýar.

3-NJI BÖLÜM

«Men Mesih»

Isa pygamber Nikodime, samariýaly aýala we Nazaretiň ilatyna wagyz edýär. Olaryň käbiri diňleýär, käbiri diňlemeýär.

4-NJI BÖLÜM

«Men şonuň üçin ýer ýüzüne geldim»

Isa syrkawlary sagaldýar, jynlary çykarýar, tälim berýär we 12 resulyny saýlaýar.

5-NJI BÖLÜM

«Märeke Isanyň öwredişine haýran galdy»

Isa ençeme keselleri sagaldansoň, dagda adamlara wagyz etdi.

6-NJY BÖLÜM

«Gelmeli Mesih senmi?»

Isa dul aýalyň ogluny direldýär, şägirtlerine mysallar bilen öwredýär we diňleýjileriniň niýetini bilýär.

Isa pygamberiň hoş habary. Köp bölümli filmiň parçasy

Injilde ýazylan Isa pygamber baradaky wakalary hezil edip görüň.