Gowy okamagy öwreniň, ökde mugallym boluň

Broşýura gowy okamagy we ökde mugallym bolmagy öwredýär.

Ýolbaşçylyk maslahatynyň haty

Biz adamzat taryhynda iň wajyp habary wagyz edýäris.

SAPAK 1

Täsirli giriş sözler

Täsirli giriş sözler üç zady öz içine alýar.

SAPAK 2

Gepleşik dili

Gepleşik dili diňleýjilere aýdylýan zatlara düşünmäge kömek edýär.

SAPAK 3

Sorag beriň

Diňleýjileri gyzyklandyrmak we esasy pikirleri nygtamak üçin ýerlikli soraglary beriň.

SAPAK 4

Aýatlary okamazdan öň giriş sözlerini aýdyň

Aýady okamazdan öň diňleýjileriň ünsüni çekmegi öwreniň.

SAPAK 5

Gowy okamagy öwreniň

Adamlara Ýehowa hakdaky hakykaty ýetirmek üçin gowy okamagy öwrenmeli.

SAPAK 6

Aýatlary düşündiriň

Diňleýjilere aýat bilen aýdýan zatlaryňyzyň baglanyşygyny görkeziň.

SAPAK 7

Dogry maglumat aýdyň

Diňleýjiler dogry netijä geler ýaly ynandyryjy maglumaty aýtmaly.

SAPAK 8

Mysal getirip öwrediň

Esasy pikiri düşündirmek we ýürege täsir etmek üçin ýönekeý mysallary getiriň.

SAPAK 9

Görkezme esbaplaryny ulanyň

Öwrenýän zady adamyň ýadynda galar ýaly görkezme esbaplaryny ulanyň.

SAPAK 10

Sesiňizi üýtgedip gepläň

Pikiri düşnükli aýtmak we diňleýjiniň ýüregine täsir etmek üçin sesiň gatylygyny, tizligini we äheňini üýtgedip gepläň.

SAPAK 11

Joşgunly gepläň

Diňleýjileriň ýüregine täsir etmek we öwrenen zady boýunça ýaşamaga höweslendirmek üçin joşgunly gepläň.

SAPAK 12

Mähirli we ýumşak gepläň

Eger ýumşak gepleseňiz, diňleýjileriň aladasyny edýändigiňizi görkezersiňiz.

SAPAK 13

Peýdasyny düşündiriň

Diňleýjilere aýdylýan zatlaryň peýdasyny we olary durmuşynda nädip ulanyp biljekdigini düşündiriň.

SAPAK 14

Esasy pikirleri belläp geçiň

Diňleýjiler aýdylýan zatlaryň baglanyşygyna düşünmeli. Esasy pikirler nutugyň maksady hem-de temasy bilen baglanyşykly bolmaly.

SAPAK 15

Ynamly gepläň

Ynamly gepläň. Gepleýşiňizden aýdýan sözleriňiziň hakykatdygyna we wajypdygyna ynanýandygyňyz görünmeli.

SAPAK 16

Ruhlandyryň

Diňleýjileriň ünsüni kynçylyklara däl-de, olaryň çözgüdine çekiň. Olary ruhlandyrýan zatlar hakda gürrüň ediň.

SAPAK 17

Düşnükli gepläň

Pikirleriňizi düşnükli aýdyň. Esasy pikirleri gysga hem ýönekeý sözler bilen aýdyň.

SAPAK 18

Peýdaly maglumaty ulanyň

Diňleýjileri oýlanmaga höweslendiriň, şonda olar täze zat öwrenerler.

SAPAK 19

Ýüregine täsir ediň

Diňleýjilere Hudaýy söýmäge we Mukaddes Kitapdaky aýdylýan zatlaryň peýdalydygyna düşünmäge kömek ediň.

SAPAK 20

Jemleýji sözler

Sözüňizi jemläniňizde diňleýjileri öwrenen zatlaryny kabul edip, durmuşynda ulanmaga höweslendiriň.

Işlän sapaklarym

Gowy okamagy we ökde mugallym bolmagy öwreneniňizde, işlän sapaklaryňyzy belläň.

Size şular hem gyzykly bolup biler

WIDEOLAR

Gowy okamagy we mugallym bolmagy öwreniň. Wideolar

Köpçüligiň öňünde okamak üçin ukybyňyzy ösdüriň we mugallym bolmagy öwreniň.