Esasy materiala geçiň

Mukaddes Kitapda jynsy gatnaşykdan lezzet almak ýazgarylýarmy?

Mukaddes Kitapda jynsy gatnaşykdan lezzet almak ýazgarylýarmy?

Mukaddes Kitabyň jogaby

Mukaddes Kitapda jynsy gatnaşykdan lezzet almak ýazgarylmaýar. Gaýtam, oňa Hudaýyň är-aýala beren sowgady diýilýär. Hudaý «erkek we aýaly» ýaradanda, munuň «juda gowudygyny gördi» (1 Musa 1:27, 31). Ol Adam ata bilen How enäni birikdirende, «olaryň ikisiniň bir ten bolýandygyny» aýtdy (1 Musa 2:24). Şeýle gatnaşyk olaryň bir-birine duýgy taýdan ysnyşyp, jynsy gatnaşykdan lezzet aljakdygyny görkezýär.

Mukaddes Kitapda ärleriň nika gatnaşygyndan alýan lezzeti barada: «Ýaşlygyň aýaly bilen şatlan... Onuň göwüsleri her wagt seni doýursyn; onuň söýgüsinden mydama serhoş bol» diýilýär (Nakyllar 5:18, 19). Hudaý aýallaryň hem nika gatnaşygyndan lezzet almagyny isleýär. Şol sebäpli Injilde: «Erkek adam aýalynyň öňündäki borjuny ýerine ýetirsin. Şonuň ýaly-da aýal hem adamsynyň öňündäki borjuny ýerine ýetirsin» diýilýär (1 Korinfliler 7:3).

Hudaýyň goýan çägi

Hudaýyň kada-kanunyna görä, jynsy gatnaşyk diňe durmuş guran är-aýalyň arasynda bolmaly. Ýewreýler 13:4-de: «Hemmeler nika hormat goýsun. Är-aýal bir-birine ikilik etmesin, sebäbi Hudaý ahlaksyzlyk edýän adamlary we zynahorlary höküm eder» diýilýär (Ýewreýler 13:4). Är-aýal bir-birine wepaly bolmaly. Olar zerurlyklaryny kanagatlandyranda, öz bähbidini gözlemän, gaýtam: «Bermek almakdan has bagtly edýändir» diýen prinsipe eýerseler, has köp şatlyk alarlar (Resullar 20:35).