Esasy materiala geçiň

Mukaddes Kitabyň gapma-garşy gelýän ýeri barmy?

Mukaddes Kitabyň gapma-garşy gelýän ýeri barmy?

Mukaddes Kitabyň jogaby

 Ýok, Mukaddes Kitap tutuşlygyna sazlaşykly ýazylan. Ondaky käbir aýatlar bir-birine garşy gelýän ýaly bolup görünse-de, şu aşakdaky maslahatlaryň birki sanysyny ulansak, dogry netijä gelip bileris:

  1.   Öňündäki we yzyndaky aýatlara üns beriň. Öňündäki we yzyndaky zatlary göz öňünde tutmasak, islendik ýazyjynyň sözlerem bir-birine garşy gelýän ýaly görnüp biler.

  2.   Ýazyjynyň garaýşyny göz öňünde tutuň. Bir wakanyň şaýady bolan adamlar ony bolşy ýaly beýan etseler-de, olaryň hersi bir aýratynlygyna üns berip, dürli-dürli sözleri ulanmaklary mümkin.

  3.   Taryhy subutnamalary we şol döwrüň däp-dessurlaryny gözden geçiriň.

  4.   Bir sözüň göni ýa-da göçme manyda ulanylýandygyny anyklaň.

  5.   Haýsydyr bir zady kimdir biriniň edendigi aýdylsa-da, aslyýetinde, ony hut şol adamyň özüniň etmändigine düşünjek boluň a.

  6.   Mukaddes Kitabyň dogry terjimesini ulanyň.

  7.   Mukaddes Kitapda aýdylýan zatlary ýalan dini düşünjelere ýa-da taglymatlara gabat getirjek bolmaň.

 Bu maslahatlar Mukaddes Kitabyň bir-birine garşy gelýän ýaly bolup görünýän aýatlaryna dogry düşünmäge kömek edýär. Geliň, bu babatda käbir mysallara seredeliň.

1-nji maslahat: Öňündäki we yzyndaky aýatlara üns beriň

  Eger Hudaý ýedinji gün dynç alyp başlan bolsa, onda ol nädip häzire çenli işleýär? 1 Musa kitabynda ýaradylyş barada aýdylýan aýatlaryň öňündäki we yzyndaky sözlere üns bersek, Hudaý «ýedinji güni... ähli işini tamamlap, dynç aldy» diýen sözleriň diňe ýer ýüzündäki zatlaryň ýaradylyşyna degişlidigine göz ýetirýäris (1 Musa 2:2—4). Emma Isanyň: «Meniň Atam henize çenli işläp ýör» diýen sözleri muňa garşy gelmeýär. Sebäbi ol Hudaýyň başga işleri barada aýdypdy (Ýahýa 5:17). Bu işlere Hudaýyň öz mukaddes ruhy arkaly Mukaddes Kitaby ýazdyrmagy, adamlara görkezme berip, olaryň aladasyny etmegi hem degişlidir (Zebur 20:6; 105:5; 2 Petrus 1:21).

2-nji we 3-nji maslahat: Ýazyjynyň garaýşyny hem-de taryhy subutnamalary göz öňünde tutuň

  Isa kör adamy nirede sagaltdy? Luka kitabynda Isanyň kör adamy «Eriha golaýlanda» sagaldandygy aýdylýar. Matta kitabynda bolsa kör adamyň bir däl-de, iki bolandygy we Isanyň olary «Erihadan çykyp barýarka» sagaldandygy aýdylýar (Luka 18:35—43; Matta 20:29—34). Bu aýatlar dürli garaýyşly adamlar tarapyndan ýazylyp, bir-biriniň üstüni ýetirýär. Matta kör adamlaryň iki sany bolandygyny aýdyp, olaryň sanyna üns berse, Luka Isanyň gepleşen adamy barada jikme-jik beýan edýär. Mundan başga-da, arheologlar şol döwürde iki sany Eriha şäheriniň bolandygyny anykladylar. Olaryň biri ýehudylaryň gadymy şäheridi, beýlekisi bolsa rimlileriň täze şäheridi. Olaryň arasynda takmynan 1,5 km ýol bardy. Isa bu gudraty görkezende, şol iki şäheriň aralygynda bolan bolmaly.

4-nji maslahat: Sözüň göni ýa-da göçme manyda ulanylýandygyny anyklaň

  Ýer ýüzi ýok edilermi? Nesihat 1:4-de: «Bu dünýä ebedilik galýar» diýilýär. Käbirleri bu aýat «ýerdäki zatlar bolsa güýçli gyzgynlykdan ýaňa erär» diýen sözlere garşy gelýär diýip pikir etmegi mümkin (2 Petrus 3:10). Emma Mukaddes Kitapda «ýer» sözi göni manyda ýer şaryna degişli edilip ulanylýar. Göçme manyda ulanylanda bolsa, ýer ýüzünde ýaşaýan adamlar göz öňünde tutulýar (1 Musa 1:1; 11:1). 2 Petrus 3:10-da «ýeriň» weýran ediljekdigi barada aýdylýan sözler ýer şarynyň göni manyda ýanyp ýok boljakdygyny däl-de, «hudaýsyz adamlaryň ýok ediljekdigini» aňladýar (2 Petrus 3:7).

5-nji maslahat: Bir zadyň kime degişli edilip aýdylýandygyna we aslyýetinde ony kimiň edendigine üns beriň

  Isa Kapernaum şäherindekä kim onuň ýanyna gelip, ýüzbaşynyň hyzmatkärini sagaltmagy haýyş etdi? Matta 8:5, 6-njy aýatlarda Isanyň ýanyna ýüzbaşynyň özüniň gelendigi aýdylýar. Luka 7:3-de bolsa onuň ýehudy ýaşulularyny iberendigi gürrüň berilýär. Elbetde, Mukaddes Kitapdaky bu aýatlar bir-birine garşy gelýän ýaly bolup görünýär. Ýöne şol haýyşyň, aslynda, ýüzbaşynyňkydygy we onuň öz adyndan ýaşululary iberendigi barada oýlansak, muňa dogry düşünip bilýäris.

6-njy maslahat: Mukaddes Kitabyň dogry terjimesini ulanyň

  Biziň hemmämiz günä edýärismi? Mukaddes Kitapda biziň ählimiziň ilkinji ynsan Adam atadan günäni miras alandygymyz aýdylýar (Rimliler 5:12). Emma Mukaddes Kitabyň käbir terjimelerinde gowy adam «günä etmez» diýilýär (1 Ýahýa 3:6, Araz Parwiş, 1994). Ýöne asyl nusgada 1 Ýahýa 3:6-daky «günä etmek» diýen grek işligi häzirki zamanda goýlupdyr we şol dilde dowamly hereketi aňladýar. Hawa, biziň miras alan günä gulçulygymyz bilen Hudaýyň kada-kanunlaryny bilgeşleýin bozup, hemişe günä edip ýörmegiň arasynda uly tapawut bar. Şol sebäpli Mukaddes Kitabyň käbir terjimelerinde bu aýatda «günä edýän däldir» ýa-da «günäden ýüz öwrer» diýen jümleler ulanylyp, has aýdyň düşündirilýär («Injiliň Täze dünýä terjimesi»; «Mukaddes Kitap terjime instituty», Moskwa, 2014).

7-nji maslahat: Ýalan taglymatlara däl-de, Mukaddes Kitaba esaslanyň

  Isa Hudaý bilen deňmi ýa-da ondan pes orun eýeleýärmi? Bir gezek Isa: «Atam ikimiz birdiris» diýdi. Bu bolsa onuň: «Atam menden beýikdir» diýen sözlerine garşy gelýän ýaly bolup görünýär (Ýahýa 10:30; 14:28). Bu aýatlara dogry düşünmek üçin, olary Üç ýüzli taňry ýaly Mukaddes Kitaba esaslanmaýan taglymatlar bilen baglanyşdyrjak bolman, aslynda, Mukaddes Kitapda Ýehowa we Isa barada näme diýilýändigini öwrenmeli. Mukaddes Kitapda aýdylmagyna görä, Ýehowa Isanyň diňe bir Atasy däl-de, eýsem, onuň gulluk edýän Hudaýydyr (Matta 4:10; Markus 15:34; Ýahýa 17:3; 20:17; 2 Korinfliler 1:3). Hawa, Isa Hudaý bilen deň däl.

 Isanyň: «Atam ikimiz birdiris» diýen sözleriniň öňündäki we yzyndaky aýatlara üns bersek, ol öz Atasy Ýehowa Hudaý bilen bir maksadynyň bardygy hakda gürrüň edýär. Soňra Isa: «Atamyň meniň bilendigini, meniň hem Atam bilen birlikdedigimi bilersiňiz» diýýär (Ýahýa 10:38). Isanyň öz şägirtleri bilen hem maksady birdi, şonuň üçin ol Hudaýa doga edip: «Olaryň hem biziň ýaly birlikde bolmagy üçin, olara seniň maňa beren şöhratyňy berdim. Olaryň doly birlikde bolmagy üçin, men olar bilen, sen hem meniň bilen birlikdesiň» diýdi (Ýahýa 17:22, 23).

a Mysal üçin, «Britan ensiklopediýasynyň» Täçmahal baradaky makalasynda «ony Mogollar imperiýasynyň hökümdary Şah Jahanyň gurandygy» aýdylýar. Emma bu ýadygärligi onuň hut özi gurmandy. Şol makalada binany gurmaga «20 müňden gowrak işçiniň gatnaşandygy» bellenip geçilýär.