Esasy materiala geçiň

ÝAŞLARYŇ SOWALLARY

Men maşgala gurmaga taýynmy?

Men maşgala gurmaga taýynmy?

Bu soraga jogap bermek üçin, ilki bilen, özüňi gowy tanamaly. Şol sebäpli aşakdaky soraglaryň üstünde pikirlen.

Başgalar bilen özüňi alyp barmak

Sen ene-ataň we jigi-doganlaryň bilen özüňi nähili alyp barýarsyň? Olar bilen gürleşeniňde, gaharlanyp, gödek sözler bilen ajyňy pürkýärmiň? Eýsem, olar sen hakda näme aýdarlar? Maşgala agzalaryň bilen özüňi alyp barşyň ýanýoldaşyň bilen nähili ýaşajakdygyňy görkezýär (Efesliler 4:31).

Garaýşyň

Sen şähdaçyk adammy ýa-da igenjeň? Oňşuklymyň ýa-da özdiýenli? Kyn ýagdaýda rahatlygy saklap bilýärmiň? Sabyr-takadyň barmy? Eger sen häzirden Galatýalylar 5:22, 23-nji aýatlarda agzalýan häsiýetleri ösdürseň, gelejekde gowy ýanýoldaş bolarsyň.

Pul meselesi

Sen puly nähili sowýarsyň? Köp karz edýärmiň? Işiňi ýygy-ýygydan çalyşýarmyň? Çalyşýan bolsaň, munuň sebäbi nämede? Işmi, başlykmy ýa-da endikleriň we häsiýetleriň üstünde işlemelimi? Eger puly paýhasly sowup bilmeseň, onda sen maşgalaňy nädip eklejek? (1 Timoteos 5:8).

Hudaý bilen dostlugyň

Eger sen Ýehowanyň Şaýady bolsaň, Hudaý bilen dostlugyňy berkitmek üçin näme edýärsiň? Hudaýyň Sözüni okamagy, wagyz etmegi we ýygnak duşuşyklaryna barmagy gowy görýärmiň? Gelejekki ýanýoldaşyň Hudaý bilen berk dostlugy bolan adam bilen ömür sürmäge mynasypdyr (Wagyz kitaby 4:9, 10).

Özüňi näçe gowy tanasaň, şonça-da seniň kemçilikleriňi däl-de, gowy häsiýetleriňi has-da berkitjek adamy tapmak aňsat bolar.