Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

 10⁠-⁠NJY SORAG

Mukaddes Kitapda gelejegimiz barada näme diýilýär?

«Dogruçyl adam ýeri miras alar, onda ebedi ýaşar».

Zebur 37:29

«Ýer ebedi durar».

Nesihat 1:4

«Ol ölümi hemişelik ýok eder, Älemiň Hökümdary Ýehowa ähli gözýaşlary süpürer».

Işaýa 25:8

«Körleriň gözi açylar, kerleriň gulagy eşider. Agsaklar keýik kimin böker, lallar şatlanyp aýdym aýdar. Çölde çeşme⁠-⁠çaýlar akar, düzde suwlar çogup çykar».

Işaýa 35:5, 6

«Hudaý olaryň gözlerinden ýaşlaryny süpürer. Indi ne ölüm, ne hasrat, ne agy, ne⁠-⁠de agyry bolar, sebäbi öňki zatlar geçip gitdi».

Ylham 21:4

 «Adamlar jaý gurup, onda ýaşarlar, üzüm baglaryny ekip, miwesini iýerler. Olaryň guran jaýlarynda başgalar ýaşamaz, olaryň ýetişdiren hasylyny başgalar iýmez. Halkymyň ömri daragtyňky deý uzak bolar, saýlanlarym çeken zähmetiniň hözirini görer».

Işaýa 65:21, 22