Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

 3⁠-⁠NJI SORAG

Mukaddes Kitaby kim ýazdy?

«Musa Ýehowanyň hemme sözlerini ýazyp aldy».

2 Musa 24:4

«Danyýar uklap ýatyrka, görnüş gördi. Ol gören wakalaryny jikme⁠-⁠jik ýazdy».

Danyýar 7:1

«Siz Hudaýyň sözüni eşiden günüňizden bäri, ony ynsan sözi hökmünde däl⁠-⁠de, Hudaýyň sözi hökmünde kabul etdiňiz. Hakykatdan⁠-⁠da, ol Hudaýyň sözi».

1 Selanikliler 2:13

«Mukaddes kitaplaryň ählisi Hudaýyň ylhamy bilen ýazylyp, öwretmek... üçin peýdalydyr».

2 Timoteos 3:16

«Adamlar pygamberligi hiç haçan öz⁠-⁠özünden aýtmandylar. Olar Hudaýyň mukaddes ruhunyň kömegi bilen pygamberlik edýärdiler».

2 Petrus 1:21