Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

 5⁠-⁠NJI SORAG

Mukaddes Kitabyň esasy temasy näme?

«Seniň bilen aýalyň arasyna, seniň nesliň bilen onuň nesliniň arasyna duşmançylyk salaryn. Ol seniň kelläňi mynjyradar, sen bolsa onuň dabanyndan çakarsyň».

1 Musa 3:15

«Ýer ýüzüniň ähli milletleri seniň nesliň arkaly bereket alar, sebäbi sen maňa gulak asdyň».

1 Musa 22:18

«Patyşalygyň gelsin, gökde bolşy ýaly, ýerde⁠-⁠de islegiň amala aşsyn!»

Matta 6:10

«Tizden parahatlyk berýän Hudaý siziň aýagyňyzyň astynda Şeýtany mynjyradar».

Rimliler 16:20

«Hudaý ähli zady Ogluna tabyn etdirenden soň, Ogluň özi⁠-⁠de ähli zady tabyn etdiren Hudaýa tabyn bolar. Şonda ähli zadyň üstünden diňe Hudaý hökümdarlyk eder».

1 Korinfliler 15:28

 «Ybraýyma we onuň nesline wadalar berildi... Şol adam Mesihdir... eger Mesihe degişli bolsaňyz, onda siz Ybraýymyň nesli».

Galatýalylar 3:16, 29

«Dünýäniň patyşalygy Hudaýymyzyň we onuň Mesihiniň Patyşalygy boldy. Hudaý baky we ebedilik patyşa bolup höküm sürer».

Ylham 11:15

«Iblis we Şeýtan diýip atlandyrylýan köne ýylan, bütin ýer ýüzünde ýaşaýanlary aldaýan uly aždarha perişdeleri bilen ýere zyňyldy».

Ylham 12:9

«Ol aždarhany, ýagny Iblis we Şeýtan diýilýän köne ýylany tutup, 1 000 ýyllyk baglady».

Ylham 20:2