Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

 6⁠-⁠NJY SORAG

Mukaddes Kitapda Mesih barada nähili pygamberlikler bar?

PYGAMBERLIK

«Beýtullaham Efrafa... Ysraýylyň hökümdary senden çykar, ol islegimi berjaý eder».

Mikaý 5:2

ÝERINE ÝETIŞI

«Hirodesiň höküm süren döwri Ýahudanyň Beýtullaham şäherinde Isa doguldy. Birnäçe wagtdan Gündogardan Iýerusalime müneçjimler geldi».

Matta 2:1

PYGAMBERLIK

«Donumy paýlaşýarlar, eşigim üçin bije atýarlar».

Zebur 22:18

ÝERINE ÝETIŞI

«Esgerler Isany pürse çüýläp, eşiklerini dörde bölüp, özara paýlaşdylar. Ýöne içki eşiginiň bitewi dokalandygyny görüp, biri⁠-⁠birine: „Muny ýyrtmalyň, bije atalyň, kime düşse, şol alsyn“ diýdiler».

Ýahýa 19:23, 24

 PYGAMBERLIK

«Onuň süňklerini goraýar, hiç biri⁠-⁠de döwülmez».

Zebur 34:20

ÝERINE ÝETIŞI

«Olar Isanyň ýanyna gelenlerinde, onuň eýýäm ölendigini görüp, aýagyny döwmediler».

Ýahýa 19:33

PYGAMBERLIK

«Ol biziň günälerimiz üçin ýaralandy».

Işaýa 53:5

ÝERINE ÝETIŞI

«Esgerleriň biri naýzasyny alyp, Isanyň böwrüne sançdy welin, gan bilen suw akdy».

Ýahýa 19:34

PYGAMBERLIK

«Olar maňa 30 kümüş teňňe berdiler».

Zekerýa 11:12, 13

ÝERINE ÝETIŞI

«12 resulyň biri Iuda Iskariýot uly ruhanylaryň ýanyna gitdi. Ol: „Isany tutmaga kömek etsem näme berersiňiz?“ diýdi. Olar 30 kümüş teňňe bereris diýdiler».

Matta 26:14, 15; 27:5