Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

 1⁠-⁠NJI SORAG

Hak Hudaý kim?

«Goý, älem⁠-⁠jahan seniň adyň Ýehowadygyny bilsin, diňe seniň Allatagaladygyňa düşünsin».

Zebur 83:18

«Ýehowanyň hak Hudaýdygyny bilip goýuň. Bizi ol ýaratdy, biz onuňky».

Zebur 100:3

«Men, Ýehowa. Bu meniň adym. Men şan⁠-⁠şöhratymy hiç kime bermerin, at⁠-⁠abraýymy butlar bilen paýlaşmaryn».

Işaýa 42:8

«Ýehowanyň adyny çagyran her bir adam halas bolar».

Rimliler 10:13

«Öýi ussa gurýar, ýöne ähli zady Hudaý ýaratdy».

Ýewreýler 3:4

 «Başyňyzy galdyryň, göklere serediň. Olary kim ýaratdy? Ol ýyldyzlara buýruk berýär, ýekän⁠-⁠ýekän sanaýar, her biriniň adyny tutup çagyrýar. Çäksiz güýjüniň hem gudratly golunyň astynda hiç haýsy nyzamyndan çykmaýar».

Işaýa 40:26