Zebur 99:1—9

  • Ýehowa — mukaddes Patyşa

    • Tagty keruplaryň ýokarsynda (1)

    • Hudaý bagyşlaýar we temmi berýär (8)

99  Ýehowa Patyşa boldy+. Goý, halklar titresin!Ol tagtyny keruplaryň ýokarsynda*+ dikdi.Goý, ýer ýüzi lerzana gelsin!   Beýik Ýehowa Sionda.Ol halklaryň üstünden höküm sürýär+.   Goý, beýik adyňy taryp etsinler!+Sebäbi adyň haýbatly hem mukaddesdir.   Sen adalaty söýýän+ gudratly Patyşa. Sen adalaty dikeltdiň, Ýakuba adalaty we dogruçyllygy berdiň+.   Ýehowa Hudaýymyzy beýgeldiň+,Basgançagynyň öňünde tagzym* ediň+.Sebäbi ol mukaddesdir+.   Musa bilen Harun hem ruhanysydy+,Şamuwel hem adyny çagyrypdy+. Olar Ýehowa dileg ederdiler,Ol hem jogap bererdi+.   Gullary bilen bulut sütüniniň içinden gepleşerdi+. Olar hem öwüt⁠-⁠ündewini* diňlärdiler,Kada⁠-⁠kanunlaryny berjaý ederdiler+.   Ýehowa Hudaýymyz, olara jogap bererdiň+. Günälerini bagyşlardyň+,Emma temmisiz hem goýmazdyň+.   Ýehowa Hudaýymyzy beýgeldiň+,Mukaddes dagynyň öňünde sežde ediň+.Sebäbi Ýehowa Hudaý mukaddesdir+.

Çykgytlar

Başga manysy: arasynda.
Ýa⁠-⁠da: sežde.
Ýa⁠-⁠da: ýatlatmalaryny.