Zebur 98:1—9

  • Halasgär Ýehowa adalatly höküm çykarýar

    • Ýehowa halasgärdigini görkezdi (2, 3)

Aýdym. 98  Ýehowa üçin täze aýdym aýdyň+,Ol täsin işleri edýär+. Sag eli, mukaddes goly bilen halas edýär+.   Ýehowa halasgärdigini+,Adalatly Hudaýdygyny milletlere yglan edýär+.   Ol ysraýyl halkyny söýendigini*, wepalydygyny ýatlady+. Bütin ýer ýüzi Hudaýymyzyň halas edişini gördi+.   Eý ýer ýüzi, Ýehowa ýeňiş aýdymyny aýdyň, Şatlanyň, begeniň, joşup alkyş aýdyň+.   Ýehowany arfa bilen wasp ediň,Arfanyň şirin owazy bilen aýdym aýdyň!   Surnaý we bory* çalyp+,Ýehowa Patyşanyň öňünde ýeňiş aýdymyny aýdyň.   Goý, deňiz we içindäkiler,Ýer we janly⁠-⁠jandarlar joşup aýdym aýtsyn.   Goý, derýalar çapak çalsyn,Daglar begenjinden ýaňa gygyrsyn+.   Goý, olar Ýehowanyň öňünde şatlansyn. Sebäbi ol ýer ýüzüne höküm çykarmaga geler,Bütin ýer ýüzüni dogruçyllyk+,Halklary adalatlylyk bilen höküm eder+.

Çykgytlar

Ýa⁠-⁠da: halkyna wepaly söýgüsini bildirendigini.
Sözlüge serediň: Şah.