Zebur 97:1—12

  • Ýehowa taňrylardan has şöhratly

    • «Ýehowa Patyşa boldy!» (1)

    • Ýehowany söýýänler, erbetligi ýigreniň (10)

    • «Dogruçyl ynsana yşyk nur saçdy» (11)

97  Ýehowa Patyşa boldy!+ Goý, ýer ýüzi şatlansyn+, Ähli adalar begensin!+   Hudaýy gara bulutlar we tüm⁠-⁠garaňkylyk gurşaýar+,Tagty adalatyň we dogruçyllygyň üstünde dikilendir+.   Hudaýyň öňünden alawly ot barýar+,Ähli duşmanlaryny ýakyp ýok edýär+.   Ýyldyrym çakýar, älem⁠-⁠jahan ýagtylýar,Şonda ýer ýüzi sandyraýar+.   Ýer ýüzüniň Hökümdary Ýehowanyň öňünde,Daglar mum* kimin ereýär+.   Asman adalatyny jar edýär,Ähli ynsanlar şöhratyny görýär+.   Goý, oýma buta tagzym* edýänler utanja galsyn!Dereksiz taňrylaryna buýsanýanlar masgara bolsun!+ Eý taňrylar, Allanyň öňünde baş egiň!+   Eý Ýehowa, adalatly hökümleriňi eşidende,Sion begenýär+, Ýahuda galalary şatlanýar+.   Eý Ýehowa, sen ýer ýüzünde iň Beýik Hudaý,Başga taňrylardan has şöhratly+. 10  Eý Ýehowany söýýänler, erbetligi ýigreniň!+ Ol wepaly bendeleriniň janyny gutarýar+.Olary erbetleriň elinden halas edýär+. 11  Dogruçyl ynsana yşyk nur saçdy+,Päk ýürekli adama şatlyk gujak açdy. 12  Dogruçyl adamlar, Ýehowanyň işlerine şatlanyň,Mukaddes adyna alkyş aýdyň!

Çykgytlar

Balarylarynyň öýjük ýasamak üçin işläp çykarýan maddasy. Ol çalt ereýär.
Ýa⁠-⁠da: sežde.