Zebur 96:1—13

  • «Ýehowanyň şanyna täze aýdym aýdyň»

    • Ýehowa öwgä mynasypdyr (4)

    • Taňrylar dereksizdir (5)

    • Mukaddes lybas geýip tagzym ediň (9)

96  Ýehowanyň şanyna täze aýdym aýdyň+. Bütin ýer ýüzi Ýehowa aýdym aýdyň!+   Ýehowanyň şanyna aýdym aýdyň, adyny wasp ediň. Her gün halas edişi hakda wagyz ediň+.   Milletlere şan⁠-⁠şöhratyny ýetiriň,Halklara täsin işlerini buşlaň+.   Ýehowa beýikdir, öwgä mynasypdyr. Başga taňrylardan has haýbatlydyr.   Milletleriň taňrylary dereksiz butlardyr+,Ýehowa gökleri ýaradan Hudaýdyr+.   Daşyny gurşaýar hormat, şan⁠-⁠şöhrat+,Mekanynda bar gözellik, güýç⁠-⁠kuwwat+.   Eý tire⁠-⁠taýpalar, Ýehowa alkyş aýdyň!Güýçli hem şan⁠-⁠şöhratly Ýehowa alkyş aýdyň!+   Ýehowanyň adyny arşa galdyryň!+Onuň howlusyna sowgatly giriň.   Mukaddes lybas geýiň*, Ýehowa tagzym* ediň,Öňünde bütin ýer ýüzi titresin. 10  Milletlere jar çekiň: «Ýehowa Patyşa boldy!+ Ýeriň düýbüni tutdy, ol indi asla sarsmaz. Alla halklary adalatly höküm eder»+. 11  Goý, asman begensin, zemin şatlansyn,Deňiz we içindäkiler el çarpsyn+. 12  Çöl⁠-⁠beýewan we ondaky ähli zatlar guwansyn+, Tokaýyň agaçlary şatlykdan ýaňa gygyrsyn+. 13  Olaryň ählisi Ýehowanyň öňünde şatlansyn.Sebäbi ol ýer ýüzüni höküm etmäge gelýär. Ol dogruçyllyk we wepadarlyk bilen,Ýer ýüzüniň halklaryny höküm eder+.

Çykgytlar

Başga manysy: Onuň mukaddesligi nur saçýandyr.
Ýa⁠-⁠da: sežde.