Zebur 93:1—5

  • Göklerde oturan Ýehowa güýçlüdir

    • «Ýehowa Patyşa boldy!» (1)

    • «Seniň öwüt⁠-⁠ündewiň ynama mynasypdyr» (5)

93  Ýehowa Patyşa boldy!+ Ýehowa şöhrat donuny egnine atdy,Güýji lybas kimin geýdi,Kuwwaty guşak kimin biline dakdy. Ýeriň düýbüni tutdy,Ol indi asla sarsmaz.   Seniň tagtyň gadym döwürlerden bäri dur+,Sen hemişe⁠-⁠de bardyň+.   Eý Ýehowa, derýalar joşup akdy,Güwwüldäp, dolup daşdy.Derýalar möwç urdy.   Göklerde oturan Ýehowa+,Güwwüldäp akýan suwlardan,Tolkun atýan deňizden has güýçlüdir+.   Seniň öwüt⁠-⁠ündewiň* ynama mynasypdyr+. Eý Ýehowa, öýüňi hemişe mukaddeslik bezär+.

Çykgytlar

Ýa⁠-⁠da: ýatlatmalaryň.