Zebur 92:1—15

  • Ýehowa hemmelerden beýikdir

    • Allanyň ajaýyp işleri beýikdir, düşünjesi çuňdur! (5)

    • «Dogruçyl adam palma agajy kimin pajarlap öser» (12)

    • Garrylyk çagynda miwe berer (14)

Sabat gününe bagyşlanan aýdym. 92  Ýehowa, saňa alkyş aýtmak nähili gowy!+Eý Allatagala*, adyňa aýdym aýtmak nähili gowy!   Säher bilen seniň söýgiň* hakda wagyz etmek+,Gijesine wepadarlygyň hakda gürrüň bermek ýakymlydyr!   On kirişli saz guraly, tanbur* we arfa bilen,Şirin mukam çalyp, seni wasp etmek nähili gowy!+   Eý Ýehowa, işleriň bilen meni begendirdiň,Eden işleriňi görüp, joşup aýdym aýdýaryn.   Eý Ýehowa, ajaýyp işleriň beýikdir+, Düşünjäň örän çuňdur!+   Akmak adam şulary öwrenip bilmez,Akylsyz adam düşünip bilmez+:   Erbetleriň haşal ot kimin gögermegi,Günäkärleriň gülläp ösmegi,Olaryň ebedilik ýok edilmegi üçindir+.   Eý Ýehowa, sen hemmelerden beýik!   Eý Ýehowa, seret!Duşmanlaryň ýeňilýär, ýagylaryň ýok bolýar,Günäkärler dumly⁠-⁠duşa dargaýar+. 10  Men bolsa, ýabany öküz kimin güýçli bolaryn*.Bedenime atyr ysly ýag çalaryn+. 11  Gözüm bilen duşmanlaryň ýeňlişini görerin+,Gulagym bilen zalymlaryň ýykylanyny eşiderin. 12  Emma dogruçyl adam palma agajy kimin pajarlap öser,Liwanyň kedr agajy kimin beýik bolar+. 13  Olar Ýehowanyň öýünde ekilendir,Hudaýyň howlularynda gülläp ösýändir+. 14  Olar garrylyk çagynda hem miwe bererler+,Gujur⁠-⁠gaýratly hem ruhubelent bolarlar+. 15  Olar Ýehowanyň dogruçyllygyny yglan ederler. Alla Arkadagymdyr+, adalatsyzlyk edýän däldir.

Çykgytlar

Sözlüge serediň.
Ýa⁠-⁠da: wepaly söýgiň.
Gitara meňzeş gadymy saz guraly.
Ýa⁠-⁠da: Meniň şahym bolsa ýabany öküziňki ýaly bolar.