Zebur 91:1—16

  • Hudaýyň gizlin ýerinde pena tapmak

    • Guş awçysyndan halas et (3)

    • Hudaýyň ganatlary pena bolar (4)

    • On müňüsi ýykylar, saňa zyýan ýetmez (7)

    • Perişdelerine goramagy buýrar (11)

91  Allatagalanyň* gizlin ýerinde ýaşaýan adam+,Gudratygüýçlüniň saýasynda pena tapar+.   Men Ýehowa: «Sen meniň penam hem galam+,Bil baglaýan Hudaýym»+ diýerin.   Ol seni guş awçysynyň duzagyndan,Gyrgynçylyk getirýän mergiden halas eder.   Ol perleri bilen üstüňi örter,Ganatlary saňa pena bolar+. Onuň wepasy+ galkan+ we diwar bolar.   Gijesine hiç bir howp⁠-⁠hatardan+,Gündizine atylan okdan gorkmarsyň+.   Tüm⁠-⁠garaňky gijede ýokanç mergiden,Süýr günortan heläkçilikden gorkmarsyň.   Gapdalyňda müňüsi,Sagyňda on müňüsi ýykylar.Emma saňa zyýan ýetmez+.   Sen olara syn edersiň,Erbetlere berlen temmini görersiň.   Sebäbi sen: «Ýehowa meniň penam» diýdiň. Allatagalany gaçybatalga* edindiň+. 10  Başyňa betbagtçylyk inmez+,Çadyryň golaýyna gyrgynçylyk gelmez. 11  Ol perişdelerine+ buýruk berer,Nirä gitseň⁠-⁠de, seni gorar+. 12  Aýaklaryň daşa degmez ýaly+,Olar seni ellerinde göterer+. 13  Arslandan hem kepjebaşdan gorkmarsyň,Ýolbarsy hem ýylany depelärsiň+. 14  Hudaý diýdi: «Ol meni ýürekden söýýär, ony halas ederin+, Meniň adymy bilýär, ony goraryn+. 15  Ol meni çagyrar, menem jogap bererin+, Agyr güne düşende ýanynda bolaryn+. Halas ederin, abraýyny arşa galdyraryn. 16  Oňa uzak ömür bererin+,Halas edişimi görer»+.

Çykgytlar

Sözlüge serediň.
Başga manysy: gala; pena.