Zebur 9:1—20

  • Hudaýyň ajaýyp işlerini yglan etmek

    • Ýehowa galadyr (9)

    • Hudaýyň adyny bilýänler, oňa bil baglaýar (10)

Aýdymçylaryň ýolbaşçysyna. Mutlaben*. Dawudyň aýdymy. א [Elip] 9  Eý Ýehowa, saňa ýürekden alkyş aýdaryn,Ajaýyp işleriňi gürrüň bererin+.   Sen begenjim, şatlygym!Eý Allatagalam*, adyňa aýdym aýdaryn+. ב [Bet]   Duşmanlarym yza çekiler+,Ýykylyp ýok bolarlar.   Sen hakymy alyp berýärsiň,Tagtyňda oturyp, adalatly höküm çykarýarsyň+. ג [Gimel]   Halklara käýäp+, erbetleri ýok etdiň,Atlaryny ebedilik öçürdiň.   Duşmanlaryňy hemişelik ýok etdiň,Şäherlerini ýer bilen ýegsan etdiň.Olaryň ady hiç haçan agzalmaz+. ה [He]   Ýehowa ebedilik höküm sürýär+,Tagtyny adalatly höküm çykarmak üçin dikdi+.   Ol ýer ýüzüne adalatly kazylyk eder+,Halklara adalatly höküm çykarar+. ו [Waw]   Ýehowa ezilenlere pena bolar+,Agyr günde gala bolar+. 10  Adyňy bilýänler saňa bil baglar+,Eý Ýehowa, özüňi agtarýanlary terk etmersiň+. ז [Zaýn] 11  Eý Sionda ýaşaýanlar, Ýehowanyň şanyna aýdym aýdyň,Işlerini halklara yglan ediň+. 12  Ol ejir çekýänleriň perýadyny unutmaýar+,Olaryň ganyna galan adamlardan ar alýar+. ח [Het] 13  Ölüm penjesinden gutarýan Ýehowa Hudaýym+,Maňa rehim eýle, duşmanlarymyň sütem edişini gör. 14  Sionyň* derwezelerinde ajaýyp işleriňi yglan ederin+,Halas edişiňi görüp şatlanaryn+. ט [Tet] 15  Halklar öz gazan çukuryna özleri düşýär,Guran toruna özi çolaşýar+. 16  Ýehowa çykaran hökümleri bilen tanalýar+, Erbetler öz pälinden tapýar+. (Higaýon*. Sela) י [Ýod] 17  Allany unudan halklar,Erbet adamlar mazara* iner. 18  Garyplar unudylmaz+,Ýumşak adamlaryň umydy üzülmez+. כ [Käp] 19  Aýaga gal, eý Ýehowa, adam ogly üstün çykmasyn, Goý, halklar seniň öňüňde höküm edilsin+. 20  Eý Ýehowa, goý, halklar senden gorksun+,Başy ölümli ynsandygyny bilsin. (Sela)

Çykgytlar

Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Sözme⁠-⁠söz: Sion gyzynyň.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.