Zebur 85:1—13

  • Gowy günleri gaýtaryp ber!

    • Hudaý wepaly gullaryna parahatlyk hakda öwüt⁠-⁠nesihat berýär (8)

    • Söýgi bilen wepadarlyk duşuşar (10)

Aýdymçylaryň ýolbaşçysyna. Karun ogullarynyň aýdymy+. 85  Eý Ýehowa, ýurduňa rehim etdiň+,Ýakubyň ýesir düşen nesillerini gaýtaryp getirdiň+.   Halkyň ýazyklaryny bagyşladyň,Olaryň ähli günäsini geçdiň+. (Sela)   Sen gaharyňy sakladyň,Gazabyňy köşeşdirdiň+.   Halasgär Hudaýymyz, gowy günleri gaýtaryp ber!Mundan artyk gaharlanma+.   Bize ebedilik gaharlanjakmy?+ Gazabyň nesilden⁠-⁠nesle lowlap durarmy?   Halkyň işleriňe şatlanar ýaly+,Bize güýç⁠-⁠kuwwat berjek dälmi?   Eý Ýehowa, wepaly söýgiň* bilen çoý+,Bizi halas et.   Hak Hudaý Ýehowa parahatlyk hakda öwüt⁠-⁠nesihat berer+,Şonda halky, wepaly gullary men⁠-⁠menlik etmez+.Men hem onuň sözlerini diňlärin.   Allanyň şöhraty ýurdy doldurar,Ol Hudaýdan gorkýanlary halas etmäge taýýardyr+. 10  Söýgi* bilen wepadarlyk duşuşar,Dogruçyllyk bilen parahatlyk bile ýörär+. 11  Wepadarlyk ýer ýüzüne ýaýrar,Dogruçyllyk gökden şöhle saçar+. 12  Ýehowa bereket berer+,Ýer bol hasyl getirer+. 13  Dogruçyllyk Hudaýyň öňünden ýörär+,Ädimleri üçin ýol taýýarlar.

Çykgytlar

Sözlüge serediň.
Ýa⁠-⁠da: Wepaly söýgi.