Zebur 82:1—8

  • «Adalatly höküm çykaryň»

    • Hudaý taňrylaryň arasynda höküm çykarýar (1)

    • Garyplaryň hakyny alyp beriň (3)

    • «Siz taňrylar» (6)

Asafyň aýdymy+. 82  Hudaý mukaddes ýygnaga baryp oturdy+.Taňrylaryň* arasynda şeýle höküm çykardy+:   «Siz haçana çenli adalatsyzlyk etjek?+Siz haçana çenli erbetleriň tarapyny tutjak?+ (Sela)   Garyplaryň, ýetimleriň hakyny alyp beriň+. Mätäçlere, garyp⁠-⁠gasarlara adalatly boluň+.   Garyp⁠-⁠gasarlary halas ediň,Erbetleriň elinden azat ediň».   Olar hiç zat bilmeýär, hiç zada düşünmeýär+,Tümlükde gezýär.Ýeriň düýpleri sarsýar+.   Men diýdim: «Siz taňrylar+,Ähliňiz Allatagalanyň* ogullary.   Emma siz ähli adamlar ýaly ölersiňiz+.Beýleki hökümdarlar kimin ýok bolarsyňyz»+.   Ýa Alla, aýaga gal, ýer ýüzüni höküm et+,Sebäbi ähli halklar seniňkidir.

Çykgytlar

Ysraýylyň kazylary göz öňünde tutulýan bolmaly.
Sözlüge serediň.