Zebur 81:1—16

  • Gulak asmaga çagyryş

    • Başga taňra sežde etmäň (9)

    • Meni diňlän bolsadyňyz (13)

Aýdymçylaryň ýolbaşçysyna. Gitit*. Asafyň aýdymy+. 81  Güýç⁠-⁠kuwwat berýän Hudaýa+ joşup aýdym aýdyň, Ýakubyň Hudaýyna ýeňiş aýdymyny aýdyň.   Saz çalyň, deprek kakyň,Şirin owazly arfa çalyň, çeň* çalyň.   Täze Aý doganda+, Aý dolanda,Baýramçylyk güni surnaý çalyň+.   Ysraýyla berlen kanun,Ýakubyň Hudaýynyň permany şeýledir+.   Hudaý Müsüriň içinden geçende+,Ýusuba muny görkezme* beripdi+. Men nätanyş sesiň* şeýle diýenini eşitdim:   «Onuň egninden agyr ýüküni aldym+,Sebet götermekden dyndardym.   Dertli günüňde meni çagyrdyň, seni halas etdim+,Gök gürrüldisi bilen* saňa jogap berdim+. Meriba* suwlarynda seni synadym+. (Sela)   Eşit, eý halkym, saňa öwüt⁠-⁠nesihat bereýin. Eý Ysraýyl, käşgä meni diňlesediň!+   Araňyzda keseki taňry bolmasyn,Başga taňra sežde etmäň+. 10  Men siziň Hudaýyňyz Ýehowadyryn,Sizi Müsürden çykaran mendirin+. Agzyňyzy giňden açyň, men sizi doýraýyn+. 11  Emma halkym sesimi diňlemedi,Ysraýyl maňa tabyn bolmady+. 12  Men olary öz ugruna goýberdim*.Olar hem öz bilenini etdiler+. 13  Käşgä halkym meni diňlän bolsady!+Käşgä Ysraýyl ýolumdan ýörän bolsady!+ 14  Şonda duşmanlaryny derrew boýun egdirerdim,Ýagylaryna garşy söweşerdim+. 15  Ýehowany ýigrenýän adamlar öňünde dyza çökerler,Olar ebedilik heläk bolarlar. 16  Ol saňa* iň gowy bugdaý iýdirer+,Gaýadan akýan bal bilen doýrar»+.

Çykgytlar

Sözlüge serediň.
Arfanyň bir görnüşi.
Ýa⁠-⁠da: ýatlatma.
Başga manysy: diliň.
Ýa⁠-⁠da: Gara bulut içinden. Sözme⁠-⁠söz: Gök gürrüldisiniň gizlenen ýerinden.
Manysy: Dawa.
Ýa⁠-⁠da: kesir ýüregine tabşyrdym.
Sözme⁠-⁠söz: oňa. Ýagny Hudaýyň halkyna.