Zebur 80:1—19

  • Ysraýylyň Çopanyndan kömek soraýarlar

    • «Eý Hudaý, ýagşy günleri gaýtaryp ber!» (3)

    • Ysraýyl — Hudaýyň üzümçiligi (8—15)

Aýdymçylaryň ýolbaşçysyna. «Çigildem». Öwüt⁠-⁠ündew. Asafyň aýdymy+. 80  Ysraýylyň Çopany, bizi diňle!Çopanyň sürä ýol görkezişi ýaly, Ýusuba ýol görkez+. Sen tagtyňy keruplaryň ýokarsynda*+ dikdiň.Goý, nuruň şöhle saçsyn!   Efraýyma, Benýamine we ManaşaGudratly güýjüňi görkez+.Gel, bizi halas et+.   Eý Hudaý, ýagşy günleri gaýtaryp ber!+Ýüzüň nury üstümize şöhle saçsyn, bizi halas eýle+.   Serkerdebaşy Ýehowa, haçana çenli halkyňa gaharlanyp,Dogasyna jogap bermersiň?+   Çörege derek gözýaş bilen doýurdyň,Olary gözýaşa gark etdiň.   Ýurdumyza eýe çykmak üçin goňşular dawalaşýar,Duşmanlar agzyna gelenini aýdýar+.   Serkerdebaşy, ýagşy günleri gaýtaryp ber!Ýüzüň nury üstümize şöhle saçsyn, bizi halas eýle+.   Müsürden üzüm nahalyny+ getirdiň, Milletleri kowup, ony ekdiň+.   Onuň üçin ýer taýýarladyň,Ol kök urdy, ýurdy eýeledi+. 10  Kölegesi daglary,Hudaýyň kedr agaçlaryny örtdi. 11  Onuň şahalary alysdaky deňze,Derýa* ýetdi+. 12  Näme üçin üzümçiligiň diwarlaryny ýykdyň?+Indi ötegçiler üzüm salkymyny ogurlaýar+. 13  Jeňňeliň ýekegapanlary hoşalaryny zaýalaýar,Wagşy haýwanlar üzümlerini iýýär+. 14  Eý Serkerdebaşy, ýalbarýarys, yzyňa dolan, Gökden nazar sal! Eken üzüm agajyň aladasyny et+. 15  Sag eliň bilen eken nahalyňa+,Şan⁠-⁠şöhratyň üçin ýetişdiren şahaňa nazar sal+. 16  Ony çapyp taşladylar, oda ýakdylar+, Sen käýäniňde halkyň ýok boldy. 17  Seniň sagyňda duran adama,Güýç beren ynsan ogluňa kömek et,Şonda ol saňa şöhrat getirer+. 18  Bizem seniň huzuryňda durarys, Janymyzy halas et, seniň adyňa bil baglarys. 19  Serkerdebaşy Ýehowa, ýagşy günleri gaýtaryp ber!Ýüzüň nury üstümize şöhle saçsyn, bizi halas et+.

Çykgytlar

Başga manysy: arasynda.
Ýagny Ýewfrat derýasy.