Zebur 77:1—20

  • Agyr günde edilen dileg

    • Hudaýyň eden işleri hakda oýlanýaryn (11, 12)

    • Alla taý geljek barmy? (13)

Aýdymçylaryň ýolbaşçysyna. Ýedutun*. Asafyň aýdymy+. 77  Batly ses bilen perýat ederin, Hudaýa ýalbararyn,Allany çagyraryn, ol meni eşider+.   Agyr günümde Ýehowany gözleýärin+, Gije elimi asmana galdyrýaryn,Yzyny üzmän dileg edýärin. Ynjalyk tapmaýaryn.   Hudaý hakda oýlansam, damagym dolýar+,Kalbym howsala düşüp, güýçden gaçýaryn+. (Sela)   Gözüme uky gelmeýär,Halym harap, gepläre ýagdaýym ýok.   Geçen ýyllary, gadymy günleri ýatlaýaryn+.   Gijesine aýdyma hiňlenýärin+,Çuňňur oýa batýaryn+,Sowallaryma jogap tapjak bolýaryn.   Ýehowa bizden hemişelik ýüz öwürdimi?+ Indi hiç haçan rehim etmezmi?+   Allanyň wepaly söýgüsi* hemişelik sowadymy? Wadalary hiç haçan ýerine ýetmezmi?   Hudaý indi rehim etmezmi?+Gahary rehimdarlygyndan rüstem geldimi? (Sela) 10  Men: «Allatagala* kömek edenok» diýip, Haçana çenli biynjalyk bolaryn?+ 11  Men Ýahyň eden işlerini ýatlaryn,Gadymy döwür eden gudratlaryny unutmaryn. 12  Seniň eden işleriň hakda oýlanaryn,Gudratlaryň barada çuňňur oýa bataryn+. 13  Eý Hudaý, ýollaryň mukaddesdir, Saňa taý geljek barmy?+ 14  Sen gudratly işleri edýän hak Hudaýsyň+, Halklar beýik güýjüňe şaýatdyr+. 15  Güýçli goluň bilen halkyňy,Ýakubyň, Ýusubyň ogullaryny halas etdiň+. (Sela) 16  Derýalar saňa seretdi,Seni görüp möwç urdy+. Deňiz çaýkandy. 17  Gara bulutlardan ýagyş ýagdy. Gök gümmürdedi,Peýkamlaryň çar tarapdan atyldy+. 18  Gök gümmürdisi+ söweş arabasynyň sesi ýalydy.Ýyldyrym çakyp, ýer ýüzüni ýagtyltdy+.Zemin sandyr⁠-⁠sandyr edýärdi+. 19  Ýollaryň suwuň içinden+,Ýodalaryň deňziň içinden geçipdi,Ýöne aýak yzyň tapylmady. 20  Musa we Harunyň goly bilen+,Çopan kimin halkyňa ýol görkezdiň+.

Çykgytlar

Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.