Zebur 76:1—12

  • Hudaý Sionyň duşmanlaryny ýeňýär

    • Hudaý ýumşaklary halas edýär (9)

    • Tekepbir duşmanlar peseldiler (12)

Aýdymçylaryň ýolbaşçysyna. Kirişli saz gurallary bilen aýtmaly. Asafyň aýdymy+. 76  Ýahuda halky Hudaýy tanaýandyr+,Ysraýylda onuň ady beýikdir+.   Hudaýyň çadyry Salamdadyr+,Mekany Siondadyr+.   Hudaý otly peýkamlary, galkany,Gylyjy, söweş ýaraglaryny döwüp taşlady+. (Sela)   Ýa Alla, seniň nuruň ýagty saçýar,Şan⁠-⁠şöhratyň aw awlanýan daglardan hem beýikdir.   Batyr ýigitleriň öýleri talandy+, Esgerler güýç⁠-⁠kuwwatdan gaçdy+;Olaryň ählisi ölüm ukusyna gitdi.   Eý Ýakubyň Hudaýy, seniň haýbatyňdanArabakeşler we bedew atlar heläk boldy*+.   Sen haýbatlysyň+. Gahar⁠-⁠gazabyňa kim çydap biler?+   Sen gökden hökümiňi yglan etdiň+,Älem⁠-⁠jahan gorkdy, dym⁠-⁠dyrslyk boldy+.   Hudaý aýaga galyp höküm etdi,Ýer ýüzüniň ýumşak adamlaryny halas etdi+. (Sela) 10  Ynsanyň gazaby seni beýgelder+,Iň soňky hüjümi seni şöhratlandyrar. 11  Hudaýyň huzuryna ýygnanan halaýyk!Ýehowa Hudaýa wada beren bolsaňyz,Hökman berjaý ediň+,Alla hormat goýup*, sowgatlar getiriň!+ 12  Ol tekepbir serdarlary peselder,Ýer ýüzüniň patyşalaryny gorkuzar.

Çykgytlar

Ýa⁠-⁠da: ölüm ukusyna gitdi.
Ýa⁠-⁠da: Alladan gorkup.