Zebur 75:1—10

  • Hudaý adalatly höküm çykarýar

    • Erbetler Ýehowanyň käsesinden içerler (8)

Aýdymçylaryň ýolbaşçysyna. «Meni heläk etme» diýen saza goşup aýtmaly. Asafyň aýdymy+. 75  Hudaýym, saňa şükür edýärin, saňa şükür edýärin!Sen biziň bilensiň+,Halk ajaýyp işleriňi yglan edýär.   Hudaý diýýär: «Men höküm etmek üçin wagt belleýärin,Adalatly kazylyk edýärin.   Ýer we onuň ilaty titrände,Men Ýeriň sütünlerini sakladym». (Sela)   Men öwünjeňe: «Öwünme!» diýýärin. Erbet adama aýdýaryn: «Güýjüňe buýsanma.   Tumşugyňy göge tutma,Ulumsy gepleme.   Şan⁠-⁠şöhrat ne gündogardan,Ne günbatardan, ne⁠-⁠de günortadan geler.   Hudaý Kazydyr+. Ol birini peseldýär, beýlekisini beýgeldýär+.   Ýehowanyň elinde käse bardyr+;Ol köpürjikleýän güýçli şerapdan doludyr. Hudaý ähli erbetlere şerap içirer,Olar soňky damjasyna çenli içer»+.   Men bolsa Allanyň işlerini ebedilik jar ederin,Ýakubyň Hudaýynyň şanyna aýdym aýdaryn. 10  Ol: «Erbetleri güýçden gaçyraryn*,Dogruçyllaryň güýjüne güýç goşaryn» diýýär.

Çykgytlar

Sözme⁠-⁠söz: erbetleriň şahyny döwerin.