Zebur 74:1—23

  • Hudaý halkyny ýatlasyn

    • Hudaýyň gadymy günlerde eden işleri (12—17)

    • Duşmanlaryň sözlerini unutma (18)

Maskil*. Asafyň aýdymy+. 74  Eý Hudaý, bizi näme üçin ebedilik taşladyň?+ Öri meýdandaky süriňe näme üçin gaharlandyň?+   Gadymy döwürlerde saýlan halkyňy+,Töleg töläp miras alan halkyňy ýatla+. Mekanyňy, Sion dagyňy unutma+.   Ebedilik haraba bolup ýatan ýerlere baryp gör+, Duşmanlar mukaddes mesgeniňi weýran etdiler+.   Mukaddes mekanyňda ýeňiş aýdymyny aýtdylar+, Tuglaryny dikdiler.   Olar gür tokaýy çapýan adamlar ýaly,   Mukaddes mekanyň bezeglerini+ palta bilen çapdylar,Çekiç bilen döwüp taşladylar.   Ybadathanaňy otladylar+, Adyňy göterýän çadyry haram etdiler,Ýer bilen ýegsan etdiler.   Olaryň özi⁠-⁠de, çagalary⁠-⁠da: «Hudaýa sežde edilýän ýerleri otlarys!» diýýärler.   Aramyzda bir pygamberem galmady,Hiç hili alamat hem görmedik.Munuň näçe wagt dowam etjegini bilmedik. 10  Eý Hudaý, duşmanlaryň seni haçana çenli ýaňsylar?+ Ýagylaryň haçana çenli adyňa dil ýetirer?+ 11  Sag goluňy näme üçin uzatmaýarsyň?+ Eliňi donuňdan çykar⁠-⁠da, olary ýok et. 12  Hudaý gadymy günlerden bäri meniň Patyşamdyr.Ýer ýüzündäki halkyny gudraty bilen halas edýändir+. 13  Sen güýjüň bilen deňze tolkun atdyrdyň+,Deňiz läheňleriniň kellelerini owratdyň. 14  Deňiz läheňiniň* başyny* kesdiň,Olary çarwalara iýmit edip paýladyň. 15  Sen çeşmeleriň gözbaşyny açdyň+,Şaglap akýan derýalary guratdyň+. 16  Gündiz hem, gije hem seniňkidir, Sebäbi sen Güni we ýagtylygy ýaratdyň+. 17  Sen ýere serhet çekdiň+,Tomus we gyş pasyllaryny bellediň+. 18  Eý Ýehowa, duşmanlaryň ýaňsylaýjy sözlerini,Akmaklaryň adyňa ysnat getirendigini unutma+. 19  Kepderiňi ýyrtyjy haýwanlardan gora, Ezilen halkyň çeken derdini hiç haçan unutma. 20  Biz bilen baglaşan ähtiňi ýatda sakla,Sebäbi garaňky ýerler zorluk⁠-⁠sütemden doldy. 21  Goý, ezilenleriň tamasy puja çykmasyn+,Garyp⁠-⁠gasarlar adyňy şöhratlandyrsyn+. 22  Ýa Alla, aýaga gal⁠-⁠da, aryňy al! Saňa uzakly gün dil ýetiren akmaklary unutma+. 23  Duşmanlaryň aýdan sözlerini unutma, Seni äsgermeýänleriň goh⁠-⁠galmagaly eşidilýär.

Çykgytlar

Sözlüge serediň.
Ýewreýçe «liwýatan». Sözlüge serediň.
Sözme⁠-⁠söz: başlaryny.