Zebur 71:1—24

  • Garrylaryň daýanjy

    • Ýaşlygymdan bäri Hudaýa bil baglaýaryn (5)

    • «Güýç⁠-⁠gurbatym gaçanda» (9)

    • Ýaşlygymdan bäri Hudaý maňa tälim berýär (17)

71  Eý Ýehowa, seni pena edinýärin, Men hiç haçan masgara bolmaýyn+.   Dogruçyllygyň bilen meni halas et, başymy gutar, Aşak egil⁠-⁠de, diňle sözümi, meni halas et+.   Gaýanyň üstündäki galam bol,Meni hemişe gora. Buýruk ber, meni halas etsinler,Sen meniň arkadagym hem galamsyň!+   Ýa Allam, meni erbetleriň elinden,Adalatsyz duşmanyň penjesinden halas et+.   Älemiň Hökümdary Ýehowa, saňa umyt edýärin,Ýaşlygymdan bäri saňa bil baglaýaryn+.   Dünýä inenim bäri saňa daýanýaryn,Sen ejemiň göwresinden ýagty jahana inderdiň+, Hemişe saňa alkyş aýdýaryn.   Köpler halyma haýran galýarlar,Ýöne men seni pena edinýärin.   Dilim seni hemişe wasp edýär+,Uzakly gün şöhratyňdan söz açýar.   Garranymda meni taşlama+,Güýç⁠-⁠gurbatym gaçanda, menden ýüz öwürme+. 10  Duşmanlarym maňa töhmet atýar,Dil düwşüp, janymyň kastyna çykýar+. 11  Olar: «Hudaý ony taşlady, Dadyna ýetişjek ýokdur, ony kowalap tutalyň» diýýärler+. 12  Ýa Allam, menden uzakda durma, Eý Hudaýym, tiz ýetiş dadyma+. 13  Maňa azar berýänler,Abraýdan düşsünler, ýok bolsunlar+. Başyma bela indermek isleýänler,Masgara bolup kemsidilsinler+. 14  Men bolsa saňa garaşaryn,Seni joşup wasp ederin. 15  Seniň adalatyňy dilimden düşürmerin+.Halas edişiňi gaýta⁠-⁠gaýta aýdyp bererin.Olar hakda uzakly gün gürrüň bererin+. 16  Men gudratly işleriň hakda söz açaryn.Älemiň Hökümdary Ýehowa,Diňe seniň adalatyň hakda gürrüň bererin. 17  Ýa Alla, ýaşlygymdan bäri maňa tälim berýärsiň+,Seniň ajaýyp işleriňi şu güne çenli wagyz edýärin+. 18  Ýa Allam, saçym agarsa⁠-⁠da, garrasam⁠-⁠da, meni taşlama!+ Men geljekki nesle güýjüň hakda gürrüň bereýin,Dünýä injeklere gudratyňy aýdyp bereýin+. 19  Eý Hudaý, adalatyň göklere ýetýär+,Sen gudratly işleri edýärsiň.Ýa Alla, saňa taý geljek barmy?+ 20  Bela⁠-⁠beterleri başyma inderdiň+.Indi meni ýerimden galdyr,Ýeriň düýbünden çekip çykar+. 21  Meniň at⁠-⁠abraýymy artdyr.Meni gora, göwünlik ber. 22  Şonda çeň* saz guralynda aýdym aýdaryn,Seniň wepadarlygyňy wasp ederin+. Ysraýylyň Mukaddes Hudaýy!Arfa bilen seni wasp ederin. 23  Seniň şanyňa joşup aýdym aýdaryn+,Sebäbi janymy halas etdiň+. 24  Uzakly gün adalatyň dilimden düşmez*+,Sebäbi janymyň kastyna çykanlar masgara bolar+.

Çykgytlar

Arfanyň bir görnüşi.
Ýa⁠-⁠da: adalatyň hakda oýlanaryn.