Zebur 70:1—5

  • Dadyma ýetiş!

    • «Dadyma tiz ýetiş!» (5)

Aýdymçylaryň ýolbaşçysyna. Dawudyň aýdymy. Öwüt⁠-⁠ündew*. 70  Eý Hudaý, meni halas et!Eý Ýehowa, tiz ýetiş dadyma!+   Janymyň kastyna çykanlarAbraýdan gaçyp, masgara bolsun.Agyr günümde üstümden gülenler Utanja galyp, gaçyp gitsin.   «Içiň ýansyn, saňa geregem şol!» diýenler, Masgara bolup gaçyp gitsin.   Goý, seni gözleýänler,Işleriňe şatlansyn hem guwansyn+. Halas etmegiňe garaşýanlar: «Hudaýa şöhrat!» diýsin.   Men bir garyp, biçäre+,Ýa Allam, tiz ýetiş dadyma!+ Maňa hemaýat et, janymy halas et+,Eý Ýehowa, gijä galma!+

Çykgytlar

Ýa⁠-⁠da: Ýatlatma.