Zebur 7:1—17

  • Ýehowa — adyl Kazy

    • «Eý Ýehowa, maňa adyl höküm çykar» (8)

Benýamin taýpasyndan Kuşuň sözlerini ýatlap, Dawudyň Ýehowa aglap eden dogasy*. 7  Eý Ýehowa Hudaýym, sen penamsyň!+ Yzarlaýanlardan halas et, başymy gutar+.   Ýogsam arslan kimin meni bölek⁠-⁠bölek ederler+,Süýräp äkiderler, dadyma ýetişen bolmaz.   Eý Ýehowa Hudaýym! Günä eden bolsam,Adalatsyzlyk eden bolsam,   Ýagşylyga ýamanlyk eden bolsam+,Ýersiz⁠-⁠ýere duşmanymy talan bolsam*,   Goý, duşmanlarym yzymdan kowup, ele salsyn.Meni aýak astynda basgylasyn,Abraýdan düşürsin. (Sela)   Eý Ýehowa, gahar bilen aýaga gal,Gazaply duşmanlarymyň garşysyna çyk+.Aýaga gal, adalaty dikelt+.   Goý, halklar daşyňa üýşsün.Tagtyňa geçip, olara höküm çykar.   Ýehowa halklary höküm eder+. Eý Ýehowa, maňa adyl höküm çykar,Dogruçyl, wepaly* bolanymy unutma+.   Erbetleriň zalym işleriniň soňuna çyk, Dogruçyly halas et+.Sen ýürekleri, oý⁠-⁠pikirleri bilýän*+ adalatly Hudaýsyň+. 10  Allam meniň galkanym+, akýürekli adamlaryň Halasgäri!+ 11  Hudaý — adyl Kazy+,Hökümlerini her gün yglan edýär. 12  Ynsan toba etmese+, ol gylyjyny ýiteldýär+,Ýaýyny çekip, nyşana alýar+. 13  Ol agyr ýaraglaryny,Otly peýkamlaryny taýýarlaýar+. 14  Olar göwresinde erbetligi göterip,Zalymlygy dogurýar, ýalany dünýä inderýär+. 15  Olar duzak gurup, çukur gazýar,Emma öz gazan çukuryna özleri düşýär+. 16  Olaryň erbet işleri öz başyna geler+,Eden sütemi öz depesinden iner. 17  Ýehowa alkyş aýdaryn, sebäbi ol adalatlydyr+.Beýik Hudaý+ Ýehowanyň adyna aýdym aýdaryn+.

Çykgytlar

Ýa⁠-⁠da: aýdan agy aýdymy.
Başga manysy: duşmanyma rehim eden bolsam.
Ýa⁠-⁠da: aýypsyz.
Ýa⁠-⁠da: böwrekleri barlaýan.