Zebur 67:1—7

  • Ýer ýüzi Hudaýdan gorksun

    • Ýer ýüzi Hudaýyň ýoluny bilsin (2)

    • Halklar Alla alkyş aýtsyn (3, 5)

    • «Alla bereket berer» (6, 7)

Aýdymçylaryň ýolbaşçysyna. Kirişli saz gurallary bilen aýtmaly. Aýdym. 67  Hudaý bizden razydyr, bereket berer,Nurly ýüzi ýalkym saçar+. (Sela)   Ýer ýüzi seniň ýoluňy bilsin+,Halklar halas edişiňi görsün+.   Ýa Alla, goý, halklar saňa alkyş aýtsyn!Ähli milletler seni wasp etsin!   Milletler şatlansyn, joşup aýdym aýtsyn+.Sebäbi sen adalatly höküm çykararsyň+. Halklara ýol görkezersiň. (Sela)   Ýa Alla, goý, halklar saňa alkyş aýtsyn!Ähli milletler seni wasp etsin!   Toprak bol hasyl berer+,Hudaý, biziň Hudaýymyz bereket eçiler+.   Alla bereket berer,Bütin ýer ýüzi ondan gorkar*+.

Çykgytlar

Sözme⁠-⁠söz: oňa hormat goýar.