Zebur 66:1—20

  • Hudaý täsin işleri edýär

    • «Geliň, Allanyň işlerini görüň!» (5)

    • «Beren wadalarymy berjaý ederin» (13)

    • Hudaý dogalary diňleýär (18—20)

Aýdymçylaryň ýolbaşçysyna. Aýdym. 66  Eý ýer ýüzi, şatlanyň, Hudaýy wasp ediň!+   Şöhratly adynyň şanyna aýdym aýdyň! Hudaýy taryplaň, şöhratlandyryň!+   Hudaýy şeýle wasp ediň: «Elleriň işi neneňsi täsin!+ Güýçli goluň bilen duşmanlary dyza çökerersiň+.   Bütin ýer ýüzi saňa baş eger+,Seni taryplap wasp eder, Adyň şanyna aýdym aýdar»+. (Sela)   Geliň, Allanyň işlerini görüň!Ol adam ogullary üçin täsin işleri etdi+.   Ol deňzi guratdy+,Halkyny derýadan pyýada geçirdi+. Eden işleri bilen begendirdi+.   Ol gudraty bilen ebedilik hökümdarlyk edýär+, Halklary synlaýar+. Eý kesir adamlar, öwünmäň!+ (Sela)   Eý halaýyk, Hudaýymyzy wasp ediň!+Alkyşlaryňyz älem⁠-⁠jahana ýaň salsyn.   Ol janymyzy aman saklaýar+,Aýagymyzy taýdyrmaýar+. 10  Ýa Alla, sen bizi barladyň+,Kümşüň otda arassalanyşy ýaly, bizi arassaladyň. 11  Bizi awçynyň toruna düşürdiň,Gerdenimize agyr ýük atdyň. 12  Başy ölümli ynsanyň eline berdiň.Bizi otdan, suwdan geçirdiň,Soňra bize dynçlyk berdiň. 13  Öýüňe ýakma gurbanlyk bilen gelerin+,Beren wadalarymy berjaý ederin+. 14  Agyr günde dilim bilen aýdanymy,Agzym bilen sözlänimi ýerine ýetirerin+. 15  Bakylan mallary gurbanlyk bererin*,Goçlary ýakyp, saňa bagyş ederin. Saňa öküzleri, tekeleri bererin. (Sela) 16  Eý Alladan gorkýanlar, aýtjak sözümi diňläň!Hudaýyň ýagşylygyny gürrüň bereýin+. 17  Dilim bilen Allany çagyrdym,Agzym bilen alkyş aýtdym. 18  Ýüregimde erbetlik kök uran bolsa,Ýehowa dilegimi diňlemezdi+. 19  Emma Hudaý meni eşitdi+,Dogamy diňledi+. 20  Hudaýa alkyş bolsun, dogamy jogapsyz goýmady.Menden wepaly söýgüsini* gaýgyrmady.

Çykgytlar

Ýa⁠-⁠da: ýakaryn.
Sözlüge serediň.