Zebur 65:1—13

  • Hudaý ýeriň aladasyny edýär

    • «Dogalary eşidýän Hudaý» (2)

    • Hudaýyň çagyran adamy bagtlydyr (4)

    • Alla bereket berýär (11)

Aýdymçylaryň ýolbaşçysyna. Dawudyň aýdymy. 65  Eý Hudaý, Sionda saňa alkyş aýdarys!+Beren wadamyzy berjaý ederis+.   Dogalary eşidýän Hudaý! Ähli adamlar huzuryňa barar+.   Günälerim egnimden basýar+,Emma ýazyklarymy bagyşlaýarsyň+.   Howlularyňda ýaşamaga çagyran adamyň,Huzuryňa getiren adamyň bagtlydyr+. Biz öýüňde, mukaddes ybadathanaňda+Bol bereketleri alyp, çäksiz begenýäris+.   Halasgärimiz, dogamyza jogap berýärsiň,Adalatly hem gudratly işleri edýärsiň+.Tutuş zemin, deňziň aňry çeti saňa bil baglaýar+.   Sen* güýç⁠-⁠kuwwatlysyň+,Gollaryň bilen daglary berkitdiň.   Sen* möwç urýan deňzi, äpet tolkunlary köşeşdirdiň+.Halklaryň goh⁠-⁠galmagalyny ýatyrdyň+.   Täsin işleriňi görüp, uzak ýurtlaryň ilaty haýran galar+,Gündogardan günbatara çenli ähli halklar aýdym aýdar.   Sen tutuş ýer ýüzüniň aladasyny edýärsiň.Adamlaryň rysgalyny ýetirip durýarsyň+. Çeşmäň joşup akýar.Mes topragyň hasyl berýär+,Sen ýer ýüzüni täsin ýaratdyň. 10  Topragy tekizläp, joýalary suwarýarsyň.Ýagyş ýagdyryp, ýeri ýumşadýarsyň,Galla başlaryny göge ýetirýärsiň+. 11  Bereketli ýyl berýärsiň,Aýak basan ýeriň hasylly bolýar+. 12  Öri meýdanlar al⁠-⁠ýaşyl öwüsýär+,Dag⁠-⁠depeler joşup aýdym aýdýar+. 13  Ýaýlada owlak⁠-⁠guzular bökjekleşýär,Galla hasyly jülgeleri büreýär+. Olar şatlanýar, begenýär, joşup aýdym aýdýar+.

Çykgytlar

Sözme⁠-⁠söz: Ol.
Sözme⁠-⁠söz: Ol.