Zebur 61:1—8

  • Hudaý duşmandan goraýan berk diň

    • «Çadyryňda ebedilik ýaşaryn» (4)

Aýdymçylaryň ýolbaşçysyna. Kirişli saz gurallary bilen aýtmaly. Dawudyň aýdymy. 61  Eý Hudaý, perýadymy diňle, Dogalaryma jogap ber+.   Kalbym gaýgydan doly,Seni ýeriň aňry ujundan çagyraryn+. Meni beýik gaýanyň üstüne çykar+.   Sen meniň penamsyň,Duşmandan goraýan berk diňimsiň+.   Çadyryňda ebedilik ýaşaryn+,Ganatlaryň astynda pena taparyn+. (Sela)   Ýa Alla, beren wadalarymy eşitdiň, Adyňdan gorkýanlara berýän mirasyňdanMaňa⁠-⁠da berdiň+.   Patyşanyň ömrüni uzaldarsyň+,Onuň günleri nesilden⁠-⁠nesle dowam eder.   Ol huzuryňda ebedilik tagtda oturar+,Söýgiň* we wepadarlygyň bilen gora+.   Adyňa ebedilik aýdym aýdaryn+,Her gün beren wadalarymy berjaý ederin+.

Çykgytlar

Ýa⁠-⁠da: Wepaly söýgiň.