Zebur 60:1—12

  • Hudaý duşmanlaryny ýeňýär

    • «Ynsan halas edip bilmez, garaşanyňa degmez» (11)

    • «Hudaýymyz güýç⁠-⁠kuwwat berer» (12)

Aýdymçylaryň ýolbaşçysyna. «Çigildemler ýatladýar» diýen saza goşup aýtmaly. Miktam*. Dawudyň aýdymy. Nesihat bermek üçin ýazylan. Dawut Aram⁠-⁠naharaýym we Aram⁠-⁠Soba garşy söweşýär. Ýowap yzyna dolanyp, Duz jülgesinde 12 000 edomlyny öldürýär+. 60  Eý Hudaý, bizden ýüz öwürdiň, goşunymyzy dargatdyň+. Bize gaharlandyň, indi rehim et.   Sen ýeri titretdiň, ýer jaýryldy, Jaýryklaryny suwamasaň, ol dargap barýar.   Öz halkyňy kösediň. Şerap içirip, serhoş etdiň+.   Duşman okundan gaçar ýaly,Hudaýhonlar* üçin tug dik*. (Sela)   Söwer ogullaryňy halas et.Bizi sag eliň bilen gora, dogamyza jogap ber+.   Mukaddes* Hudaý diýýär: «Men begenip, Sukot düzlügini paý edip bererin+,Şekemi islän kişime miras bererin+.   Gilead meniňkidir, Manaşa+ hem meniňkidir.Efraýym tuwulgamdyr,Ýahuda patyşalyk hasamdyr+.   Mowap el ýuwýan legenimdir+. Edomyň üstüne çaryklarymy zyňaryn+. Piliştiň üstünden şanly ýeňiş gazanaryn»+.   Kim meni gabawa düşen* şähere äkider? Kim meni Edoma elter?+ 10  Bizi ol ýere Hudaýymyz elter.Ol bizden ýüz öwrenem bolsa,Esgerlerimizi goldamasa⁠-⁠da, ol ýere elter+. 11  Betbagtçylyk güni kömek et.Sebäbi ynsan halas edip bilmez, garaşanyňa degmez+. 12  Hudaýymyz güýç⁠-⁠kuwwat berer+,Duşmanlarymyzy depelär+.

Çykgytlar

Sözlüge serediň.
Ýa⁠-⁠da: Özüňden gorkýanlar.
Başga manysy: dikdiň.
Başga manysy: Mukaddes mekanynda oturan.
Başga manysy: berk diwarly.