Zebur 6:1—10

  • Dileg

    • Ölen adam Hudaýa alkyş aýdyp bilmeýär (5)

    • Hudaý perýady eşidýär (9)

Aýdymçylaryň ýolbaşçysyna. Kirişli saz gurallaryny şeminitde* çalmaly. Dawudyň aýdymy. 6  Eý Ýehowa, maňa gazap bilen käýeme,Gahar bilen temmi berme+.   Eý Ýehowa, saralyp soldum, maňa rehim eýle! Ýehowa, süňklerim sandyraýar, maňa güýç* ber!+   Oda⁠-⁠köze düşdüm+,Eý Ýehowa, haçana çenli çydaýyn?+   Ýehowa, dadyma ýetiş, meni gutar+,Wepaly söýgiň* hatyrasyna meni halas et!+   Ölen adam seni ýatlarmy?Mazarda* saňa alkyş aýdarmy?+   Ahy⁠-⁠nala çekip, gurbatym gaçdy+,Bütin gije aglaý⁠-⁠aglaý ýassygym* myžžyk boldy,Gözýaşlarym sil deý akyp, ýatan ýerim köle döndi+.   Hasratdan ýaňa gözlerim küteldi+,Duşmanlardan ýaňa gözümiň nury öçdi.   Ýehowa ahy⁠-⁠nalamy eşider+,Eý erbetler, meni günüme goýuň!   Ýehowa perýadymy eşider+,Ýehowa dilegime jogap berer. 10  Duşmanlarym masgara bolup, howsala düşer,Utanja galyp, duýdansyz yza çekiler+.

Çykgytlar

Sözlüge serediň.
Ýa⁠-⁠da: şypa.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Sözme⁠-⁠söz: düşegim.