Zebur 59:1—17

  • Hudaý galkanym hem galam

    • «Dönüklere rehim etme» (5)

    • «Gudratyň hakda aýdym aýdaryn» (16)

Aýdymçylaryň ýolbaşçysyna. «Meni heläk etme» diýen saza goşup aýtmaly. Dawudyň aýdymy. Miktam*. Şawulyň adamlary Dawudy öldürmek üçin öýüni garawullaýarlar+. 59  Hudaýym, meni duşman elinden halas et!+Garşy çykýan adamlardan başymy gutar+.   Erbet adamlardan gora,Ganhorlaryň elinden halas et.   Ýehowa, günä etmesem⁠-⁠de, ýazykly bolmasam⁠-⁠da+,Olar meni tutmak üçin gizlenip ýatyrlar+.Daýaw adamlar üstüme topulýarlar.   Erbetlik etmesem⁠-⁠de, maňa topuljak bolýarlar. Olara seret, dilegimi eşit!   Serkerdebaşy Ýehowa, Ysraýylyň Hudaýy sensiň!+ Oýan, halklara seret, Dönüklere rehim etme+. (Sela)   Olar her agşam gelýärler+,It ýaly üýrýärler+, şäherde sümsünip gezýärler+.   Olaryň agzyndan zäher pürkülýär,Sözleri hanjar ýaly sanjylýar+.Olar: «Sözlerimizi hiç kim eşitmeýär» diýýärler+.   Emma sen, eý Ýehowa, olary kemsidersiň+,Milletleriň üstünden gülersiň+.   Kuwwatly Hudaýym, nazarymy saňa dikerin+,Hudaýym, berk galam sensiň!+ 10  Wepaly söýgä* baý Hudaýym dadyma ýetişer+,Duşmanlarymyň üstünden ýeňiş gazanmaga kömek eder+. 11  Olary öldürme, goý, halkym seniň işleriňi unutmasyn. Goluň bilen duşmanlary dumly⁠-⁠duşa dargat.Eý galkanymyz Ýehowa, olary heläk et!+ 12  Olar agzy we dili bilen günä edýärler,Ýalan sözläp, nälet okaýarlar.Tekepbirligi olara duzak bolar+. 13  Gahar oduň bilen olary kül et+,Dünýä inmedik ýaly bolsunlar.Goý, olar Ýakubyň we bütin dünýäniň üstündenHudaýyň höküm sürýändigini bilsinler+. (Sela) 14  Olar her agşam yzyna dolanýar,It ýaly üýrýärler, şäherde sümsünip gezýärler+. 15  Goý, olar çörek gözläp entesin+,Garynlary doýmasyn, başyny goýara ýer tapmasyn. 16  Men bolsa gudratyň hakda aýdym aýdaryn+,Wepaly söýgiň hakda säher bilen joşup gürrüň bererin. Sebäbi sen meniň galamsyň+,Agyr günümde arkadaýanjymsyň+. 17  Kuwwatly Hudaýym, saňa aýdym aýdaryn!+Sen galamsyň, wepaly söýgä baý Hudaýymsyň+.

Çykgytlar

Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.