Zebur 58:1—11

  • Hudaý ýer ýüzüniň Kazysy

    • Erbetlere jeza berilsin (6—8)

Aýdymçylaryň ýolbaşçysyna. «Meni heläk etme» diýen saza goşup aýtmaly. Dawudyň aýdymy. Miktam*. 58  Eý ynsan ogullary, sizden ses çykmasa, Adalaty dikeldip bilersiňizmi?+Adalatly höküm çykaryp bilersiňizmi?+   Kalbyňyz erbet pikirlerden+,Ýurt zalym işleriňizden doly+.   Erbet adamlar dünýä ineni bäri egri ýoldan ýöreýändir,Gözleri açylany bäri azgyn hem ýalançydyr.   Olaryň dili zäherli ýylan ýaly çakýandyr+,Olar gulagy gapylan kepjebaş kimin kerdir.   Ýylany oýnadýan näçe ökde bolsa⁠-⁠da,Kepjebaş tüýdügiň owazyny eşidýän däldir.   Eý Hudaý, olaryň dişini döw! Eý Ýehowa, ýolbarslaryň äňini ýazdyr!   Goý, olar ýok bolsun, guran çeşmä dönsün. Hudaý ýaýyny atyp, olaryň gursagyny deşsin.   Olar guran balykgulak kimin bolsun,Öli doglan çaga kimin ýagty jahany görmesin.   Gazanyňyzy ýandagyň ody gyzdyrmanka,Hudaý ýanyp duran ýandagy,Oda atylmadyk ýandagy uçuryp äkider+. 10  Erbetlerden ary alnanda, dogruçyl adam şatlanar+,Erbetleriň gany onuň topugyna ýeter+. 11  Şonda adamlar: «Bäh, dogruçyl hem sylag aljak ekeni!+ Ýer ýüzüniň Kazysy bar ekeni!»+ diýer.

Çykgytlar

Sözlüge serediň.