Zebur 56:1—13

  • Yzarlamalarda edilen doga

    • «Hudaýyma bil baglaryn» (4)

    • «Gözýaşlarymy meşigiňde sakla» (8)

    • «Ynsan maňa näme edip biler?» (4, 11)

Aýdymçylaryň ýolbaşçysyna. «Uzaklardaky ümsüm gögerçin» diýen saza goşup aýtmaly. Dawudyň aýdymy. Miktam*. Piliştliler Dawudy Get+ galasynda ele salýar. 56  Ýa Allam, maňa rehim eýle! Başy ölümli ynsan topulýar.Uzakly gün meniň bilen göreşýär, zulum⁠-⁠sütem edýär.   Duşmanlarym her gün meni yzarlaýar.Gopbamsylar meniň bilen söweşýär.   Meni gorky basanda+, saňa bil baglaryn+.   Hudaýyma bil baglaryn, sözüni wasp ederin.Men gorkmaryn, Allama bil baglaryn. Ynsan maňa näme edip biler?+   Her gün maňa azar berýärler,Ýamanlyk etmegiň küýüne düşýärler+.   Olar topulmak üçin bukuda ýatýarlar.Her ädimimi yzarlaýarlar+,Janymyň kastyna çykýarlar+.   Eý Hudaý, erbet işleri üçin olara temmi ber. Gahar⁠-⁠gazap bilen halklary ýok et+.   Sergezdan bolanymy bilýärsiň+. Ýalbarýaryn, gözýaşlarymy meşigiňde sakla+. Olaryň ählisini kitabyňa ýazansyň+.   Seni çagyran günüm duşmanlarym gaçyp gitdi+. Hudaý meniň tarapymda, muny anyk bilýärin+. 10  Hudaýa bil baglaryn, sözüni wasp ederin.Ýehowa bil baglaryn, sözüni wasp ederin. 11  Men gorkmaryn+, Alla bil baglaryn. Ynsan maňa näme edip biler?+ 12  Beren wadalarymy berjaý ederin+,Hudaýym, saňa alkyş aýdaryn!+ 13  Sen meni ölümden halas etdiň+,Büdremegime ýol bermediň+.Men ýagty jahanda Allanyň huzurynda gezerin+.

Çykgytlar

Sözlüge serediň.