Zebur 55:1—23

  • Dosty dönüklik edende

    • Jana⁠-⁠jan dosty kemsidýär (12—14)

    • «Gaýgy⁠-⁠aladaňy Ýehowa tabşyr» (22)

Aýdymçylaryň ýolbaşçysyna. Kirişli saz gurallary bilen aýtmaly. Maskil*. Dawudyň aýdymy. 55  Hudaýym, dogamy diňle+,Dilegimi eşit, maňa rehim eýle+.   Ýalbarýaryn, jogap ber+. Ýüregim ynjalyk tapmaýar+,Dertden ýaňa näme edýänimi bilmedim.   Duşmanlarymyň haýbaty,Erbetleriň ezýeti, meni tapdan düşürýär. Başyma bela ýagdyrýarlar,Ýürekleri ýigrençden doly+.   Gara bagrym gan aglaýar+,Ölüm gorkusy howsala salýar+.   Gorkudan sandyraýaryn,Bütin süňňüm titreýär.   Men diýýärin: «Kepderi deý ganat baglap uçsadym, Asuda ülkelere gaçyp gitsedim.   Uçardym, uzaklara gaçardym+, Çöl⁠-⁠beýewanlarda mesgen tutardym+. (Sela)   Güýçli ýelden, apy⁠-⁠tupandan gaçyp,Gaçybatalga howlugardym».   Eý Ýehowa, olary aljyradyp, niýetini boz*+,Sebäbi şäherde dawa⁠-⁠jenjel ýatmaýar. 10  Gije⁠-⁠gündiz diwarlarda aýlanýarlar,Şäherde zorluk⁠-⁠sütem möwç urýar+. 11  Şäherde ahy⁠-⁠nala ýaň salýar,Bazarlarda aldaýarlar, zorluk⁠-⁠sütem edýärler+. 12  Ýagylarym kemsiden bolsady+,Dişimi gysyp çydardym. Duşmanlarym çozan bolsady,Gaçyp gizlenerdim. 13  Emma hile guran dostumdy+,Gardaşym hem syrdaşymdy+. 14  Biz jana⁠-⁠jan dostduk,Il⁠-⁠gün bilen Hudaýyň öýüne barardyk. 15  Olaryň kalbynda zalymlyk kök urdy, Diňe ýamanlyk edýärler.Goý, olar ýer bilen ýegsan bolsun+,Mazar* diriligine ýuwutsyn. 16  Men bolsa Hudaýy çagyraryn,Ýehowa meni halas eder+. 17  Ynjalyk tapman, gije⁠-⁠gündiz aglaýaryn+,Ahy⁠-⁠nalam Hudaýyma baryp ýetýär+. 18  Birgiden duşman hüjüm edýär+.Emma Alla ýagylardan gutaryp, meni asuda ýaşadar. 19  Gadymy günlerden bäri tagtda oturan Hudaýym+,Dogama jogap berer+. (Sela) Hudaýdan gorkmaýanlara+,Erbet ýolundan dänmeýänlere garşy çykar. 20  Ol* eden ähtini bozup+,Jana⁠-⁠jan dostuna dönüklik etdi+. 21  Dili ýagdan ýumşakdy+,Ýüregi ýigrençden doludy. Sözleri ýag ýaly ýumşakdy,Dili gylyçdan kesgirdi+. 22  Gaýgy⁠-⁠aladaňy* Ýehowa tabşyr+,Ol seniň arkadaýanjyň bolar+. Ol dogruçyl adamyň ýykylmagyna hiç haçan ýol bermez+. 23  Eý Hudaýym, sen olary gabra inderersiň+, Ganhorlar, hilegärler orta ýaşda ölerler+. Men bolsa saňa bil baglaryn.

Çykgytlar

Sözlüge serediň.
Ýa⁠-⁠da: dillerini üýtget.
Sözlüge serediň.
Ýagny 13, 14⁠-⁠nji aýatlarda agzalýan dosty.
Sözme⁠-⁠söz: Ýüküňi.