Zebur 54:1—7

  • Duşmanlaryň arasynda edilen doga

    • Hudaý hemaýat berýär (4)

Aýdymçylaryň ýolbaşçysyna. Kirişli saz gurallary bilen aýtmaly. Maskil*. Dawudyň aýdymy. Zipliler Şawulyň ýanyna gelip: «Dawut biziň ýurdumyzda gizlenýär» diýdiler+. 54  Hudaýym, adyň hatyrasyna meni halas et+,Gudratly goluň bilen arymy alyp ber+.   Ýa Allam, dilegimi eşit+,Agzymdan çykan sözlerimi diňle!   Sebäbi keseki adamlar hüjüm edýär,Zalymlar janymyň kastyna çykýar+. Eý Hudaý, olar saňa hormat goýmaýar+. (Sela)   Ýehowa maňa hemaýat berýär+,Meni goldaýanlara ýardam edýär.   Duşmanlaryň edenlerini öz başyndan inderer+,Maňa wepaly bolup, zalymlary ýok eder*+.   Saňa şatlyk bilen* gurbanlyk bererin+. Ýehowa, ýagşy adyňy wasp ederin*+.   Sen meni ähli howpdan gorarsyň+,Duşmanlarymyň ýeňlişini gözüm bilen görerin+.

Çykgytlar

Sözlüge serediň.
Sözme⁠-⁠söz: dymdyrar.
Ýa⁠-⁠da: meýletin.
Başga manysy: adyňy wasp etmek gowudyr.