Zebur 52:1—9

  • Hudaýyň ýagşylygyna bil baglamak

    • Zalymlygyna öwünýänler üçin duýduryş (1—5)

    • Hudaýsyz adam mal⁠-⁠mülküne daýanýar (7)

Aýdymçylaryň ýolbaşçysyna. Maskil*. Dawudyň aýdymy. Dawut Agamäligiň öýünde. Edomly Döwek muny Şawula habar berýär+. 52  Hudaýyň söýgüsi* ebedi dowam edýär+. Eý pälwan, zalymlygyňa näme üçin öwünýärsiň?+   Päliýamansyň, hilegärsiň+,Diliň päki kimin ýitidir+.   Ýagşylykdan ýamany,Hakykatdan ýalany has köp söýýärsiň. (Sela)   Eý hilegär dil,Zäherli sözleri söýýärsiň.   Alla seni ebedilik ýok eder+,Ýakaňdan tutup, çadyryňdan süýräp çykarar+.Ýagty jahandan sogrup taşlar+. (Sela)   Dogruçyllar muny görüp, haýran galar+,Zalymyň üstünden gülüp+ diýer:   «Ol Hudaýy pena edinmedi+,Mal⁠-⁠mülküne guwandy+,Zalymlygyna daýandy».   Men Hudaýyň öýünde uly zeýtun agajy kimin bolaryn,Hudaýyň ýagşylygyna* ebedi bil baglaryn+.   Eden işleriň üçin seni baky şöhratlandyraryn+,Wepaly gullaryň ýanyndaÝagşy adyňa umyt baglaryn*+.

Çykgytlar

Sözlüge serediň.
Ýa⁠-⁠da: wepaly söýgüsi.
Ýa⁠-⁠da: wepaly söýgüsine.
Başga manysy: Adyňa umyt baglamak gowudyr.