Zebur 50:1—23

  • Hudaý wepaly we erbet adamlaryň Kazysy

    • Hudaýa gurbanlyk berip, äht baglaşanlar (5)

    • «Hudaý Kazydyr» (6)

    • Hudaý ähli haýwanlaryň eýesi (10, 11)

    • Hudaý erbetleri paş edýär (16—21)

Asafyň aýdymy+. 50  Mukaddes Hudaý* Ýehowa+ söz sözleýär,Gündogardan günbatara çenliBütin dünýäni çagyrýar.   Allanyň nury Siondan, ajaýyp şäherden+ şöhle saçýar.   Hudaýymyz geler, dymyp durmaz+. Onuň öňünde lowlap ýanýan ot bardyr+,Töwerek⁠-⁠daşy apy⁠-⁠tupandyr+.   Ol ýeri, gögi çagyrýar+,Halkyna höküm çykaryp, şeýle diýýär+:   «Gurbanlyk berip, äht baglaşanlary+,Wepaly gullarymy huzuryma getiriň».   Hudaý Kazydyr+,Asman adalatyny jar edýär. (Sela)   «Eý halkym, meni diňle!Ysraýyl halkym, saňa aýtjak sözüm bar!+ Men Hudaý, siziň Hudaýyňyz+.   Her günki berýän ýakma gurbanlygyňyz,Mal gurbanlygyňyz üçin sizi ýazgarmaýaryn+.   Men malýatakda duran öküze,Agylda ýatan tekeleriňize mätäç däl+. 10  Tokaýyň ähli ýabany haýwanlary+,Hatda daglarda ýaşaýan haýwanlar hem meniňkidir. 11  Gaýalardaky guşlaryň her birini bilýärin+,Sansyz⁠-⁠sajaksyz çöl haýwanlarynyň eýesi mendirin. 12  Men aç bolsam⁠-⁠da, sizden zat soramaryn.Sebäbi ýer ýüzüniň ähli zady meniňkidir+. 13  Öküzleriň etini iýerinmi?Geçileriň ganyny içerinmi?+ 14  Hudaýyňyza minnetdarlyk aýdyň*+,Allatagala* beren wadaňyzy berjaý ediň+. 15  Agyr günde meni çagyryň+, size kömek ederin, Şonda meni şöhratlandyrarsyňyz»+. 16  Hudaý erbet adamlara diýer: «Kanunlarym hakda geplemäge+,Ähtimi diliňize almaga hakyňyz barmy?+ 17  Siz beren terbiýämi ýigrenýärsiňiz,Sözlerimi diňlemeýärsiňiz*+. 18  Ogryny görüp, berekella diýýärsiňiz*+.Ahlaksyzlar bilen tirkeşýärsiňiz. 19  Agzyňyzdan erbet sözler çykýar,Diliňiz ýalan sözleri ýagdyrýar+. 20  Doganyňyzyň gybatyny edýärsiňiz+,Süýtdeş doganyňyzyň aýybyny açýarsyňyz. 21  Erbet işleri edeniňizde, sesimi çykarmadym welin,Maňa özüňiz ýalydyryn öýtdüňiz. Indi size temmi bererin,Günäleriňizi paş ederin+. 22  Eý Hudaýy unudanlar, aýdanlarym hakda oýlanyň+,Ýogsam sizi bölek⁠-⁠bölek ederin, halas eden tapylmaz. 23  Alkyş aýdýan* adam meni şöhratlandyrýar+.Dogry ýoldan ýöreýän adamy,Hudaý penasynda aman saklaýar»+.

Çykgytlar

Sözme⁠-⁠söz: Hudaýlaryň Hudaýy.
Ýa⁠-⁠da: minnetdarlygy gurbanlyk beriň; minnetdar ýüregi gurbanlyk beriň.
Sözlüge serediň.
Sözme⁠-⁠söz: arkaňyza atýarsyňyz.
Başga manysy: oňa goşulýarsyňyz.
Ýa⁠-⁠da: Minnetdarlygy gurbanlyk berýän; minnetdar ýüregi gurbanlyk berýän.