Zebur 5:1—12

  • Ýehowa dogruçyla pena bolýar

    • Hudaý erbetligi ýigrenýär (4, 5)

    • «Meni dogry ýodalaryňdan ýöret» (8)

Aýdymçylaryň ýolbaşçysyna. Nehilot*. Dawudyň aýdymy. 5  Eý Ýehowa, dilegimi eşit+,Ahy⁠-⁠nalamy diňle!   Perýadyma gulak goý,Patyşahym, Hudaýym, saňa doga edýärin!   Eý Ýehowa, säher çagy dogalarymy eşit+,Säher bilen ýüregimi dökeýin+, umyt bilen garaşaýyn.   Sen zalym işleri ýigrenýärsiň+,Erbetler huzuryňa gelip bilmez+.   Gopbamsylar öňüňde durup bilmez. Sen erbetleri ýigrenýärsiň+.   Ýalançylary ýok edersiň+. Eý Ýehowa, zalymy* we hilegäri ýigrenýärsiň+.   Men öýüňe+ bararyn, sebäbi meni söýýärsiň*+.Mukaddes ybadathanaňa bakyp,Hormat* bilen sežde ederin+.   Eý Ýehowa, duşmanlar daşymda.Meni dogry ýodalaryňdan ýöret,Ýollaryňdan ýykylman ýöräýin+.   Içigara adamlaryň sözüne,Aýdan hiç bir zadyna ynanyp bolmaz.Bogazy açyk gabyr ýalydyr,Dili bilen ýaranjaňlyk edýändir+. 10  Hudaý olary höküm eder,Olar öz pälinden tapar+. Sebäbi köp günä etdiler, saňa garşy gozgalaň turuzdylar.Olary huzuryňdan kow. 11  Seni pena edinenler begener+,Hemişe joşup aýdym aýdar. Sen olary gorarsyň,Adyňy söýýänler işleriňe şatlanar. 12  Eý Ýehowa, dogruçyl adama bereket berersiň,Ondan razy bolup, galkan kimin gorarsyň+.

Çykgytlar

Sözlüge serediň.
Ýa⁠-⁠da: ganhory.
Ýa⁠-⁠da: wepaly söýgiňi bildirýärsiň.
Sözme⁠-⁠söz: Gorky.